DÇ-2022: Ekwador Niderlandlar bilen, Angliýa ABŞ bilen deň oýnady

DÇ-2022: Ekwador Niderlandlar bilen, Angliýa ABŞ bilen deň oýnady

DÇ-2022-niň ikinji tapgyrynda Niderlandlar bilen Ekwadoryň arasynda duşuşyk geçirildi.Oýun 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy.Duşuşykda hasaby 6-njy minutda Gakpo açdy.Ekwador tarapdan bu gola Walensiýa 49-njy minutda jogap berdi. Şu hasap eminiň soňky jürlewügine çenli üýtgewsiz galdy.

Ekwadoryň goluna awtorlyk eden Enner Walensiýa DÇ-2022-däki gollarynyň sanyny 3-e ýetirip, bombardirleriň sanawynda birinji orna geçdi.

Mundan ozal, Kataryň ikinji tapgyrda Senegaldan ýeňlendigini habar beripdik. Şunlukda ikinji tapgyrdan soňra 4 utuk bilen Niderlandlar bilen Ekwador 1-2-nji orunlary paýlaşyp durlar. Senegal 3 utuk bilen 3-nji ýeri eýeläp duran bolsa, iki oýnuň ikisinde-de ýeňlen Katar iň soňky orunda barýar.

A toparçasynda üçünji tapgyryň duşuşyklary 29-njy noýabrda geçirilip, olarda Niderlandlar Katar bilen, Senegal Ekwador bilen güýç synanyşar.

Şeýle-de 25-nji noýabrdaky oýunlary Angliýa — ABŞ duşuşygy jemledi. Duşuşyk 0:0 hasabyndaky deňlikde tamamlandy. Ozal habar berşimiz ýaly, B toparçasynda ikinji tapgyryň beýleki oýnunda Eýran Uelsi 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi.

Şeýlelikde, B toparçada Angliýa 4 utuk bilen birinji, Eýran 3 utuk bilen ikinji, ABŞ 2 utuk bilen üçünji, Uels bolsa 1 utuk bilen dördünji orunda barýar. B kwartetinde üçünji tapgyryň duşuşyklary 29-njy noýabrda 23:55-de başlanar. Üçünji tapgyrda janköýerler Eýran — ABŞ, Angliýa — Uels oýunlaryna tomaşa edip bilerler.

Düýnki oýunlaryň netijeleri:

Bu günki duşuşyklar:

Ýene degişli makalalar

Argentina utuldy, Braziliýa deňme-deň oýnady
Daşy teňňeli süýji miwe
Ekwadoryň Prezidentligine Daniel Noboa saýlandy
Daşary ýurtlar Ankaradaky hüjümi ýazgarýarlar
OPEC döredildi
Türkiye Ekwadora Kobra II sowutly ulaglary gowşurdy
Latyn Amerikada ýaşaýan Osmanlynyň nesilleri El-Turkolar üstünlikleri bilen ýurtlaryny buýsandyrýar