Angliýada we Uelsde hristianlaryň ilatyň düzümindäki paýy azaldy

Angliýada we Uelsde hristianlaryň ilatyň düzümindäki paýy azaldy

Angliýada we Uels Patyşalygynda hristianlaryň paýy ilat ýazuwy geçirilip ugralanyndan bäri ýurduň ilatynyň 50 göteriminden hem az boldy, muňa 2021-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri barada Beýik Britaniýanyň Milli statistika edarasynyň (Office for National Statistics, ONS) getirýän maglumatlary güwä geçýär diýip, RIA Nowosti ýazýar.

Ilat ýazuwynyň geçirilip başlanan döwründen bäri ilkinji gezek Angliýanyň hem-de Uelsiň ilatynyň düzüminde hristiançylyga uýýan ýaşaýjylaryň paýy 50 göterimden az boldy (46,2 göterim, 27,5 million adam). Bu 2011-nji ýyldakydan 13,1 göterim azdyr (33,3 million adam) diýlip, resminamada aýdylýar.

ONS edarasynyň maglumatlaryna görä, Angliýada we Uelsde ateistleriň sany 37,2 göterim ösüş görkezipdir, 2011-nji ýylda olaryň sany 14,1 million adam (ösüş 25,2 göterim) bolan bolsa, 2021-nji ýylda 22,2 milliona ýetipdir.

Emma muňa garamazdan, ýurtlaryň ikisinde-de iň köp ýaýran din hristiançylyk bolmagynda galýar. Şunuň bilen bir hatarda, Angliýada we Uelsde musulmanlaryň geçen ýylda ilatyň 6,5 göterimini düzendigi, ýagny 2,7 million adama ýetendigi aýdylýar.

Ilatyň dini düzüminiň şeýle özgermesine demografiki ýagdaýlar, şol sanda ölümiň, dogluşyň we migrasiýanyň görkezijileriniň üýtgemegi sebäp bolýar.

Ýene degişli makalalar

Diananyň dakynan göwheri auksiona çykdy
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Türkmenistanyň Prezidenti Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmaga Britaniýa bardy
Karl III täç geýdirmek dabarasyna 2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar
Türkmenistanda çaga welosipedleri öndürilip başlanar, Gülşat Mämmedowa Türkiýäniň Parlamentiniň başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşdy, Aşgabatda türkmen-rus işewürlik forumy geçiriler we beýleki habarlar
Garet Beýl karýerasyny ýapdy