Şa zenany Diananyň awtoulagy 765 müň dollara satyldy

Şa zenany Diananyň awtoulagy 765 müň dollara satyldy

Şa zenany Diana üçin ýörite döredilen awtomobil Beýik Britaniýadaky auksionda 765 müň dollara satyldy. Bu barada MIR24 habar berýär.

“Turbo” seriýasynyň gara “Ford Eskort” awtoulagyny hanym Di öz çagalary bilen 1980-nji ýyllaryň ortalarynda ulandy.Bu awtomobil özboluşly hasaplanýar, çünki ol tapgyrda ýeke-täk gara reňke boýalan awtomobildir.

Galan awtomobiller diňe ak reňkde öndürildi.Pikir edilişine görä, bu şa maşgalasynyň agzasynyň ulagyny adaty köpçülikleýin model arkaly gizlemäge synanyşyk bolmaly.Gezelençlerde hanym Diniň ýanynda janpena bolup, onuň ýolagçy oturgyjynda oturýandygy üçin awtoulag radiostansiýa we goşmaça yzky görnüş aýnasy bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Ýene degişli makalalar

Ak bugdaýyň ajaýyp muzeýi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýaponiýadaky gämi pajygasynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlary
Aşgabatda awtobuslary indi onlaýn görnüşde kärendesine alyp bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny