“Ford Otosan” elektrik energiýasy bilen işleýän ýük ulagyny tanyşdyrdy

“Ford Otosan”-yň inženerleri işläp taýýarlan dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ýük ulagy Gannowerde geçirilýän halkara täjirçilik maksatly ulaglaryň sergisinde köpçülige görkezildi. “Ford” mundan ozal ýeňil we orta derejeli täjirçilik ulaglarynyň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşini işläp taýýarlapdy. “Ford” kompaniýasy 2040-njy ýyla çenli “nol uglerod” maksadyna ýetmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem ýük ulaglaryny öndürýän “Ford Trucks” 2030-njy ýyla çenli Ýewropadaky satuwynyň ýarysyny “nol uglerodly etmegi göz öňünde tutýar.

Täze tanyşdyrylan ulag “Ford Cargo” modeline meňzeýär.Bu ulagyň zibil ýygnamaga niýetlenendigi mälim edildi.Täze ulagy energiýanyň häzirki ulagdan iki esse az sarp etjekdigi bellenilýär. Şeýle hem ulaga tehniki ideg etmek hem aňsat we arzan bolar.

Jennet Seýtiýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

“Uber”-iň ähli ulaglary elektrikli bolar
Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
Ford-yň awtopiloty indi hatardan-hatara düzülmegi we öwrümde tizligi peseltmegi başarýar
Geely Renault-nyň şärikdeşi bolup biler
Şa zenany Diananyň awtoulagy 765 müň dollara satyldy
Şagyzy Diananyň ulanan awtoulagy auksionda satyldy