“Uber”-iň ähli ulaglary elektrikli bolar

Öz ulagyň bilen taksiçilik hyzmatyny etmäge mümkinçilik berýän “Uber” kompaniýasy elektroulaglarynyň sanyny artdyrmagy maksat edinýär.Kompaniýa ýakyn geljekde diňe elektroulag bilen hyzmat hödürlenýän şäherleriniň sanyny köpelder.

Häzir wagtda ýokary derejeli müşderiler “Tesla Model 3”, “Polestar 2” we “Ford Mustang Mach-E” ýaly premium derejeli elektroulaglara münüp bilýärler.“Uber” Kanadada we ABŞ-da 2030-njy ýyla çenli diňe dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary bilen hyzmat hödürlär.

Emma kompaniýanyň sürüjileri öz ulaglaryny ulanýakdyklary üçin olardan elektroulagy bolmaklaryny talap etmek dogry hasaplanmaýar. Şol sebäpli “Uber” 2025-nji ýyla çenli sürüjileriň elektroulaga geçmeklerine goldaw bermek üçin 800 million dollar sarp eder. Şeýlelikde, sürüjileriň öz islegleri bilen elektroulag ulanmaklary ýola goýlar.Soňky ýyllarda dünýäniň köp ýurdy, şol sanda ABŞ-nyň aýry-aýry ştatlary 2030-njy ýa-da 2035-nji ýyldan soňra içinden otlanýan ulaglaryň satuwyny çäklendirmek üçin karar kabul etdi.

Bu bolsa, elektroulaglara geçişi çaltlandyryp başlady.

Jennet Gurbanowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

20-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Uçýan awtoulaga uly gyzyklanma
“Uber”-e täze ýolbaşçy bellendi
Ilkinji sürüjisiz ulag “Waymo”
Türkmenistanyň prezidentine Uber we Яндекс.Такси hyzmatlarynyň türkmen görnüşi hödürlendi
“Tiz taksi” ykjam telefon goşundysy işlenilip taýýarlanyldy