Türkmenistanyň prezidentine Uber we Яндекс.Такси hyzmatlarynyň türkmen görnüşi hödürlendi

Ministrler Kabinetiniň 28-nji iýunda geçirilen mejlisinde wise-premýer Mämmethan Çakyýew prezidente paýtagtda “Tiz taksi” hyzmatyny ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Internet ulgamynda ulanylýan ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyp, ol ýolagçylara hyzmatlar, baha, ýoluň uzynlygy hem-de ugry hakyndaky zerur maglumatlary berýär.

Funksiýasy boýunça, bu hyzmatlar dünýäniň beýleki ýerlerinde meşhur bolan Uber, Lyft ýa-da Яндекс.Такси hyzmatlaryny ýatladaýr.

Wise-premýeriň hasabaty ýörite wideorolik arkaly utgaşdyryldy.

Prezident Berdimuhamedow “Tiz taksi” hyzmatyny girizmek hakyndaky teklibi oňlap, taksi ulaglarynyň ulagyň ýerleşýän ýerini kesgitleýän hem-de tizligiň ýokarlandyrylyşyna gözegçilik edýän degişli enjamlar bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

“Tiz Taxi” sürüjileriniň bu hyzmatyň saýtynda hasaba durmagy we kompaniýanyň eadarasynda söhbetdeşlikden geçmegi talap edilýär. Mundan başga, olara ygtyýarnama hem almak gerek. Awtomobil 10 ýyldan öň çykarylan bolmaly däl, taksi belgileri talap edilmeýär.

1 of 4

Ýene degişli makalalar

20-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Uçýan awtoulaga uly gyzyklanma
“Uber”-e täze ýolbaşçy bellendi
Ilkinji sürüjisiz ulag “Waymo”
“Tiz taksi” ykjam telefon goşundysy işlenilip taýýarlanyldy
Tiz kömek ulagynyň ýerine taksi