“Tiz taksi” ykjam telefon goşundysy işlenilip taýýarlanyldy

Aşgabat taksoparkynyň dispetçer gullugynyň awtomatlaşdyrylmagy şäheriň ilatyna hyzmat etmegi has gowulandyrar. Şu maksat bilen “Tiz taksi’ ýörüte ykjam telefon goşundysy işlenilip taýýarlanyldy. Ozal bar bolan “Ýandeks. Taksi”, Uber we beýleki hyzmatlara kybapdaş täze internet hyzmatyny Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen bilelikde “Altyn Asyr” ÝGPJ ýolagçylara teklip edýär.

“Tiz taksi” çagyrmak üçin ykjam telefonyň eýesi TIZ.TAXI goşundysyny goýmaly, ony telefonlar üçin iOS operasion ulgamyndan ýa-da Android üçin Play Market-den göçürip almaly. Goşundy awtomatik usulda golaýdaky taksini gözlemäge ýardam eder.

Programmanyň özi GPS-iň kömegi bilen siziň nirdedigiňizi kesgitlär, eger-de siz haýsydyr bir sebäbe görä salgyňyzy aýdyp bilmeseňiz, sürüjä geljekki ýolagçynyň salgysyny habar berer. Ugur trafigiň şol wagtky we çaklanylýan tizligine görä kesgitleniler. Goşundy sürüji barada anyk maglumat almaga we karta boýunça onuň gelýän ugruny synlamaga mümkinçilik berer.

Ýolagçy salgysyny aýdandan soň programmanyň algoritmleri ýol nyrhyny anyklamaga mümkinçilik berer. Hakyny tölemezden öň ýolagçy geçilen ýol barada anyk maglumatlary alar.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde we Ahal welaýatynda taksi çagyrmak hyzmaty işe girizildi
Aşgabatda DevFest 23 festiwaly geçirildi
Duralga programmasy Aşgabatda awtobuslaryň hereketini yzarlamaga kömek edýär
AŞTU: Call center — siziň biznesiňiz üçin
Aragatnaşykçy ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlaryna mynasyp boldular
Türkmenistanda kimler ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karzy alyp bilýärler, ýyly günlerden soň Türkmenistana sowuk howa aralaşar, Türkmenbaşyny we Bakuny deňizüsti fider ýük daşamalary birleşdirer
Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça deňiz ýük gatnawy ýola goýuldy