Duralga programmasy Aşgabatda awtobuslaryň hereketini yzarlamaga kömek edýär

Duralga programmasy Aşgabatda awtobuslaryň hereketini yzarlamaga kömek edýär

Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň sargydy esasynda işlenip düzülen Duralga programmasy Türkmenistanyň paýtagtynda awtobuslaryň hereketine onlaýn gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Programma her bir awtobusyň ýerleşýän ýerini takyk kesgitlemek üçin GPS ulgamyny ulanýar. Bu maglumatlar şol wagtyň özünde şäheriň elektron kartasynda gaýtadan işlenýär hem-de görkezilýär.

Şeýlelikde, Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary özleri üçin gerek bolan awtobusyň nirededigini islendik wagtda bilip bilerler we onuň belli bir duralga geljek wagtyny hasaplap bilerler. Bu bolsa öýüňizden ýa-da iş ýeriňizden çykanyňyzda iň ýakyn duralga gitmek üçin amatly bolan wagty takyk hasaplamaga mümkinçilik berýär. Netijede siz köçede awtobusa garaşmak üçin gtijek wagtyňyzy tygşytlap bilersiňiz.

Mundan başga-da, Duralga programmasynyň kömegi bilen şäheriň dürli sebitleriniň arasynda hereket edeniňizde iň az awtobus çalyşmaly boljak ugry saýlap bolýar.

Häzire çenli Google Play platformasynda Duralga programmasy eýýäm 100 müňden gowrak gezek ýüklenilip alyndy. Oňa bildirilen 1,1 müňden gowrak synyň esasynda programmanyň hyzmat reýtingi häzirki wagtda 5-den 4.3-e deňdir.

Duralga programmasynyň Android ulgamynda işleýän telefonlar üçin niýetlenen görnüşini şu ýere basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Duralga mobil goşundysynyň näsazlyklary aradan aýryldy
Aşgabatda 114 belgili täze awtobus ugry açyldy
Aşgabadyň ýaşaýjylary indi şäheriçi awtobuslaryň hereketini onlaýn yzarlap bilerler
“Duralga” ykjam goşundysy şäheriçi awtobuslaryň hereketi barada maglumat berer
Awtobus ugurlary we duralgalary barada onlaýn maglumat berýän “Duralga” ykjam goşundysy döredildi