Ilkinji sürüjisiz ulag “Waymo”

“Alphabet Inc.” kompaniýasynyň “Waymo” atly taslamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanylýan ulag sözüň doly manysynda ilkinji “hakyky sürüjisiz” ulag boldy.Kompaniýa bir aý gowrak wagtdan bäri sürüjisiz ulagyny ABŞ-nyň Arizona ştatynda ýol hereketine açyk ýollarda synagdan geçirýär.

Indi birnäçe ýyldan bäri dürli ýerlerde sürüjisiz ulaglar synagdan geçirilýär.Olaryň ählisinde kanunçylyga laýyklykda, içinde bir sürüji oturýar.Emma bu ulagdaky sürüji onuň yzky oturgyjynda oturýar.Bu ulag Arizonanyň diňe käbir köçelerinde sürülýär. “Waymo” has köp maglumat toplap, has köp “tejribe gazananyndan” soňra ol şäheriň beýleki köçelerine hem çykar. “Waymo” sürüjisiz ulagy synagdan geçirmekde beýleki awtoulag hem-de tehnologiýa kompaniýalaryndan has öňde.

Onuň öňde bolmagynyň ýene bir tarapy, “Waymo” “Alphabet Inc.”-nyň garamagyndaky “Google”-yň sürüjisiz ulag babatda köp ýyldan bäri alyp barýan tejribesini we toplan maglumatlaryny ulanyp bilýär.Muňa garamazdan, “Fiat-Chrysler”, “Lyft” we “Avis” ýaly şereketler bilen sürüjisiz ulaglary öndürmek babatda hyzmatdaşlyk edýär. “Waymo” şereketine ýolbaşçylyk edýän Jon Krafçik täze ulagyň häzire çenli işlenip düzülen sürüjisiz ulaglaryň iň kämilidigini, ulagdaky ähli zadyň özbaşdak herekete görä, sazlanandygyny aýdýar.

Ulagdaky sensorlar we kameralar çar tarapy (360 dereje) görüp bilýär.Lazerler 300 metr uzakdaky jisimleri “görüp”, olary tapawutlandyryp bilýär. “Waymo”-nyň mundan soňky maksady öz şahsy awtoulagyňy birine wagtlaýyn bermäge ýa-da onuň bilen kireý etmäge mümkinçilik berýän “Uber” ýa-da “Lyft” ýaly applikasiýalardan peýdalanyp, adamlaryň sürüjisiz ulaglary peýdalanmagyna şert döretmekden ybarat. “Waymo” ulagy bilen häzire çenli jemi 5,5 million kilometr ýol geçilipdir.

Ýene degişli makalalar

Sürüjisiz ulaglaryň gije-gündiz işlemegine rugsat berildi
“Waymo” täze sürüjisiz taksisini tanyşdyrdy
Sürüjisiz awtoulaglar kämilleşdirilýär
Harytlary salgysyna eltýän sürüjisiz ulaglar işe giriziler
Dünýäniň IT-kompaniýalary ýylyň başyndan bäri 95 müň işgäri boşatdy
Iň girdejili kompaniýalar