Iň girdejili kompaniýalar

Bazar barlaglaryny geçirýän Statista platformasynyň hünärmenleri geçen ýylyň iň girdejili kompaniýalarynyň sanawyny taýýarladylar.Sanawda Saudi Aramco kompaniýasy 300 milliard dollardan gowrak girdejisi bilen birinji orny eýeleýär.

Saud Arabystanynyň nebit-gaz kompaniýasy çig nebit ätiýaçlyklary boýunça dünýäde ilkinjileriň hatarynda durýar.Sanawyň ilkinji bäşligine Apple, Microsoft, Alphabet we Equinor ýaly kompaniýalar giripdir.Kompýuter, smartfon we sarp ediş elektronikasyny öndürýän Apple kompaniýasy 122 milliard dollar girdeji gazanypdyr.

Kompýuter programmalaryny döredýän Microsoft kompaniýasy 84 milliard dollar girdejisi bilen üçünji orunda gelýär.Google-a eýeçilik edýän Alphabet Inc. 78 milliard dollar girdeji gazanypdyr.Norwegiýanyň Equinor energiýa kompaniýasy 77 milliard dollar girdeji bilen bäşinji bolupdyr.

Bu sanaw degişlilikde, Exxon Mobil, ICBC, Shell, China Construction Bank, Petrobras, Pampa Energia, Chevron, JPMorgan Chase, TotalEnergies kompaniýalary bilen dowam etdirilýär.

Leýli BATYROWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň IT-kompaniýalary ýylyň başyndan bäri 95 müň işgäri boşatdy
Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
Tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejileri köpeldi
“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy
Bloomberg: IBM kompaniýasy 4 müň işgärini boşatmakçy
Uly girdeji gazandy