Lucid Air sedany geçýän ýolunyň uzaklygy boýunça Tesla-nyň rekordyny täzeledi

Lucid Air sedany geçýän ýolunyň uzaklygy boýunça Tesla-nyň rekordyny täzeledi

ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak agentligi Lucid Air modeliniň tygşytlylygy we geçýän aralygy bilen bagly maglumatlary ýetirýär. Bu sedan resmi taýdan iň uly ýol ätiýaçlygy bolan elektrokar diýlip ykrar edildi. Lucid Air sedany bir batareýa zarýady bilen 837 kilometr geçýär. Bu barada ufacitynews.ru habar berýär.

Gürrüň ulagyň diametri 19 dýuým bolan tekerli Dream Edition Range görnüşi barada gidýär.Ol goşmaça zarýad bermezden 520 mil aralygy geçip bilýär, bu 837 kilometre deň bolup, Tesla Model S Long Range-iň görkezijisinden 185 kilometr köpdür. Şol bir wagtyň özünde, sedan her 100 mil aralyk üçin 27 kilowatt-sagat energiýa sarp edýär, bu bolsa 100 kilometr üçin 1,9 litr ýangyjyň sarp edilmegine deňdir.

ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak agentliginiň analitikleriniň maglumatlaryna görä, häzirki ýangyç bahalarynda Lucid Air Dream Edition Range elektromobili bäş ýylda 6 250 dollary tygşytlap biler. Ýöne şeýle tygşytlanma üçin ýylda 15 müň milden köp geçmeli däl.

Elektromobiliň akkumulýatory 900 Wt. Salonda 5K durulykda 34 dýuýmlyk OLED displeýi, 21 dinamika we Dolby Atmos tehnologiýasy bilen audiosistema ýerleşdirildi. Lucid Air Dream Edition Range elektromobilinde sekiz howpsuzlyk ýassygy, 32 datçikli awtodolandyryjy, şol sanda lidar bar.

Lucid Air 2021-nji ýylyň ahyrynda satuwa çykarylar. Bu ulag ştab-kwartirasy Kaliforniýada ýerleşýän Lucid Motors başlangyç kompaniýasynyň önümidir. Kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji müdiri öň Tesla-nyň inžiniring boýunça wise-prezidenti bolan Piter Roulinsondyr.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask Hytaýa bardy
“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy
Tesla-nyň bazary ösýär
Gyşky synagdan geçirdi
Amerikanyň elektromobil bazary dünýäde ikinji orna çykdy
Ilkinji elektroulag zawodyny açdy