“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy

ABŞ-nyň “Apple” kompaniýasynyň bazar nyrhy geçen ýylyň ýanwar aýyndan bäri gaýtadan üç trillion dollar sepgidinden geçdi. Şu ýylyň başyndan bäri paýnamalarynyň bahasy 50 göterimden gowrak gymmatlan bu kompaniýanyň her bir paýnamasy 192,15 dollara ýetdi. Şeýlelikde dünýäniň iň gymmat kompaniýasy bolmagyny dowam etdirýän “Apple”-iň bazar nyrhy 3,03 trillion dollar boldy.

Kompaniýanyň bazar nyrhy ilkinji gezek 2018-nji ýylyň 2-nji awgustynda 1 trillion dollara ýetipdi.Amerikan brendiniň bazar nyrhy 2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda bolsa, 2 trillion dollarlyk sepgitden aşypdy.

Geçen ýylyň ýanwarynda bolsa, kompaniýanyň bazar nyrhy gysga wagtlygyna 3 trillion dollardan geçipdi.Bilermenler “Apple”-iň ikinji çärýekde garaşylandan has köp “iPhone” satmagynyň we iýun aýynda “Vision Pro” hyýaly hakykat äýnegini tanyşdyrmagynyň girdejisini artdyrandygyny belleýärler.

“Reuters” agentligi bolsa dünýäniň iň gymmat brendleriniň täze sanawyny taýýarlar.Bu sanawda “Apple”-iň bazar nyrhynyň 3 trillion 50 milliard dollardygy görkezilýär.Ikinji orny 2 trillion 532 milliard dollar bahasy bilen “Microsoft” eýeleýär. Üçünji orunda Saud Arabystanynyň “Aramco” nebit kompaniýasyna orun berlipdir.

Maglumata görä, dünýäde bazar nyrhy 1 trillion dollardan geçýän alty kompaniýa bar.Olaryň bäşisi amerikan kompaniýalarydyr.Ilkinji onluga giren kompniýalardan “Aramco” we TSMC-den başga ählisi ABŞ-nyň kompaniýalarydyr.

1. “Apple” 3 trillion 50 milliard dollar

2. “Microsoft” 2 trillion 532 milliard dollar

3. “Aramco” 2 trillion 80 milliard dollar

4. “Alphabet” 1 trillion 527 milliard dollar

5. “Amazon” 1 trillion 337 milliard dollar

6. NVIDIA 1 trillion 44 milliard dollar

7. “Berkshire Hathaway” 829 milliard dollar

8. Meta platformalary 745 milliard dollar

9. “Tesla” 735 milliard dollar

10. Taýwanyň ýarymgeçiriji önümçilik kompaniýasy (TSMC) 486 milliard dollar

Ýene degişli makalalar

Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
Dünýädäki iň iri garaşsyz gazna 30 milliard dollaryny ýitirdi
Iň girdejili kompaniýalar
Uly girdeji gazandy
Girdejileri köpeldi
Tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejileri köpeldi