Aşgabatda iş gurşawlaryny kärendesine berýän Regus merkezi açyldy

Aşgabatda iş gurşawlaryny kärendesine berýän Regus merkezi açyldy

Aşgabat şäherinde iş gurşawlaryny kärendesine bermek boýunça hyzmatlary ýetirýän Regus merkezi açyldy.

Regus — dünýä ýüzünde kiçi we orta telekeçilik üçin ofis gurşawy bilen bagly çeýe çözgütleri ýetirýän iri paýlaýjydyr. Regus brendiniň dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda 4000 biznes merkezi bar.

Regus birnäçe halkara iş ýerleriniň brendlerini özünde birleşdirýän IWG torunyň bir bölegidir. IWG ulgamy müşderilere dizaýn we gurşawyň gurnalyş aýratynlyklarynda köp sanly mümkinçilikleri, şeýle hem islege görä binalary we biznes merkezlerini hödürleýär.

Aşgabatda Regus müşderilere ofis gurşawlaryny, koworkingleri, biznes zallaryny we gepleşikleri geçirmek üçin otaglary hödürleýär.Bu merkezde umumylykda 68 sany aýratyn giň ofis, 4 sany mejlisler otagy hem-de 2 sany koworking meýdançasy bolar.

Iş ýerini birnäçe sagatdan başlap, birnäçe aýa çenli islendik möhlet bilen kärendesine alyp bolýar.Iş ýeri ofis mebelleri, internete elýeterlilik hem-de orgtehnika bilen üpjün edilip, biznes işini alyp barmak üçin zerur bolan ähli zatlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Biznes gurşawynyň umumy ýer sany 150 işçi ýerine deňdir.

Kompaniýanyň wekiliniň belleýşi ýaly, Regusy bäsdeşlerinden çeýeligi tapawutlandyrýar. Regus merkeziniň her bir müşderisi guramasynyň häzirki we geljekki zerurlyklaryna laýyklykda, kärendesine alan iş ýeriniň göwrümini islendik wagt üýtgedip biler.

Belläp geçsek, Regus kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili Hil Gurluşyk hojalyk jemgyýetidir.

Aşgabatdaky täze biznes merkezi şu salgyda ýerleşýär: G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), 30-njy jaý, Hil Gurluşyk binasy. Iş wagty: sagat 9:00-dan 18:00-a çenli.

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň ýuwelir ägirdi “Atasay” Aşgabat butigi bilen Merkezi Aziýa girýär
Arassa Nusga türkmen kärhanalaryna netijeli sanly gurallary durmuşa ornaşdyrmaga ýardam etdi
“Misgär” täze görnüşli köke we wafli önümlerini müşderilere hödürleýär
Taryhdan taryply türkmen bedewi
Turkmenportaldan biznes üçin ajaýyp teklip
Türkmen telekeçisi: Türkmenistandaky ýyladyşhanalaryň 95%-i pomidor önümçiligine ýöriteleşendir