Aşgabatda Janly klassika konserti geçiriler

Aşgabatda Janly klassika konserti geçiriler

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary 11-nji fewralda sagat 18:00-da Türkmenistan kinokonsert merkezinde geçiriljek Janly klassika atly konserte çagyrylýar.

Konsertiň maksatnamasynda daşary ýurtly we türkmen nusgawy aýdym-saz eserleri ýerine ýetiriler.

Konsertde solistler Gülnar Nuryýewa, Selbinyýaz Annadurdyýewa, Maýa Gullaýewa, Begenç Moşşyýew, sazandalar Stella Faramazowa (fortepiano), Aýbölek Muhyýewa (skripka), şeýle hem kirişli saz gurallar kwarteti gatnaşar.

Petegiň bahasy 20 manat. Petekleri satyn almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: (+993) 65 05 29 67 hem-de 63 29 44 98.

Ýene degişli makalalar

Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Aşgabatda uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlanar
Baky saz ýaňlanar...
Konserwatorýanyň Uly zalynda saz barokkosy eýýamynyň ussatlarynyň eserleri ýerine ýetirildi
Konserwatoriýanyň Uly zalynda milli we ýewropa nusgawy sazlary ýaňlandy
Aşgabatda Uruş ýyllarynyň aýdymlary atly konsert geçiriler