Aşgabatda uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlanar

Aşgabatda uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlanar

7-nji maýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli Uruş ýyllarynyň aýdymlary atly konsert geçiriler.

Aýdym-saz agşamynda ýurduň tanymal aýdymçylary, şol sanda Maýa Gullaýewa (mezzo-soprano), Bahar Durdyýewa (soprano), Amangeldi Amanow (bariton), Begenç Gaýypow (bariton) hem-de sazandalar Stella Faramazowa (fortepiano), Aýbölek Muhyýewa (skripka), Jemal Agajanowa (skripka), Kowus Bäşimow (alt) Erjel Ýagşymyradow (fortepiano) dagynyň çykyşlary ýetiriler.

Konsert konserwatoriýanyň kamera ansambl kafedrasy tarapyndan guralýar.

Konsert 18:00-da başlanýar. Giriş tölegsizdir.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Janly klassika konserti geçiriler
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Aşgabatda Tomusky operetta agşamy geçiriler
Konserwatoriýanyň Uly zalynda milli we ýewropa nusgawy sazlary ýaňlandy
Konserwatorýanyň Uly zalynda saz barokkosy eýýamynyň ussatlarynyň eserleri ýerine ýetirildi
Nikolaý Amiýansyň okuwçylary Ussadyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap konsert berdiler