Aşgabatda “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler

Aşgabatda “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler

Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 1922-nji awgusty aralygynda “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler.Bu çäre çagalar üçin önümler we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan kompaniýalar, öndürijiler, üpjün edijiler, paýlaýjylar, bilim edaralary hem-de pudagyň hünärmenleri üçin özara tejribe alyşmak we täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm meýdança bolar.

Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berdi.

Serginiň dowamynda gatnaşyjylar çagalar üçin niýetlenen dürli önümleri we hyzmatlary, şol sanda gündelik sarp edilýän harytlary, bilim ugurlaryndaky çözgütleri, dynç alyş we ösüş hyzmatlaryny, şeýle hem innowasion önümleri hödürlärler.

“Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” sergisi çagalar hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalara öz täze önümlerini we hyzmatlaryny tanyşdyrmak, bazaryň häzirki ugurlaryny öwrenmek hem-de täze mümkinçilikleri açmak üçin giň şertleri döreder. Şeýle hem bu halkara sergi türkmen öndürijileri üçin halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we milli söwda markalarynyň dünýä bazaryna çykmagyna ýardam etjek möhüm çäreleriň biri bolar.

Habarda bellemegine görä, bu sergi dünýäniň dürli künjeklerinden halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň we çagalar pudagynyň wekilleriniň ünsüni çekmäge gönükdiriler. Çäräniň çäginde mowzuklaýyn sergiler, önümleriň tanyşdyrylyş dabaralary, ussatlyk sapaklary, interaktiw zolaklar hem-de işewürlik duşuşyklary geçiriler.

“Kids Expo” halkara sergi-ýarmarkasy gatnaşyjylara täze hyzmatdaşlary tapmak, işewür aragatnaşyklaryny giňeltmek hem-de bazaryň täze ugurlary bilen tanyşmak üçin giň mümkinçilikleri döreder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda mikroblara garşy derman serişdelerini mahabatlandyrmak gadagan edildi, Aşgabat we Tbilisi göni howa gatnawyny açmak boýunça ylalaşyga gol çekdiler, gaz turbinalaryny abatlamak boýunça Merkezi Aziýadaky ilkinji merkez
Güýçli ýer titremesi Türkiýede we Siriýada 1300-den gowrak adamy öldürdi
Panjur Türkmenistan kompaniýasynyň ýörite WinBlock ulgamy çagalaryň aýnadan ýykylmagynyň öňüni almaklygy üpjün edýär
Altyn täç futbol topary Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşda kümüş medallaryň ikisini gazandy
Aşgabatdaky Kids Plaza dükany 0-dan 14 ýaşa çenli çagalar üçin egin-eşikleri we köwüşleri hödürleýär
Awstraliýanyň Günbatarynda 51 Pilot Kidiň Ölendigi Habar Berildi