Aşgabatda Kölegeler teatrynyň döredijilik topary çykyş etdi

Aşgabatda Kölegeler teatrynyň döredijilik topary çykyş etdi

Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkiýe Respublikasynyň Kölegeler teatrynyň döredijilik topary Türkmenistanda geçirilýän Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwalyň çäklerinde Garagöz we Hajiwat atly oýny bilen çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Uýsal Güýç Filiziň režissýorlyk etmeginde taýýarlanan Garagöz we Hajiwat iki bölümli, bir perdeli kölege oýny bolup, ol Osmanlylar döwründen bäri tutuş Anadolyda meşhurdyr. Bu kölege oýny Gresiýada Karagiozis, Bosniýa we Gersegowinada bolsa Karagöz ady bilen mälimdir.

Ozal habar berşimiz ýaly, häzir wagtda festiwala gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan dürli sahna eserleriniň görkezilişi dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkiýäniň Kölegeler teatry çykyş etdi
Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynyň çäginde Türkiýäniň Kölegeler teatry hem çykyş eder
Türkiýäniň Kölegeler teatry Türkmenistanda geçiriljek halkara festiwala gatnaşýar
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi Brýusselde bilim pudagyndaky meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder
Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy