UNRWA: "Her urşuň düzgüni bar, ýöne Gazada ähli düzgünler bozuldy" diýdi

UNRWA: "Her urşuň düzgüni bar, ýöne Gazada ähli düzgünler bozuldy" diýdi

BMG-nyň Ýakyn Gündogardaky Palestinaly bosgunlara kömek we iş gullugynyň (UNRWA) baş komissary Filipp Lassarini, Ysraýylyň hüjümleriniň astynda bolan Gaza zolagynda ähli uruş düzgünleriniň bozulandygyny aýtdy.

Lassarini X hasabyndan beren beýanatynda, Ysraýylyň 14 aý bäri hüjümlerini dowam etdirýän Gaza zolagynda düzgün bozmalara ünsleri çekdi.

UNRWA komissary Lassarini: "Her urşuň düzgüni bar, ýöne Gazada ähli düzgünler bozuldy. Mekdeplere we hassahanalara guralýan hüjümler adaty ýagdaýa öwrüldi, dünýä muňa öwrenişmeli däl." diýip nygtady.

Lassarini Gazadaky ýaraşygyň "gaty giçdigini" belläp, Gazadaky asuda ilata üçin hüjümlere "arakesme" berilmeginiň zerurdygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Erdogan Gaza genosidindäki jogapkärleriň hökmany ýagdaýda jogapkärçilige çekiljekdigini aýtdy
Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýene-de 8 palestinli ýogaldy
Gaza genosidiniň 1000-nji gününde Parižde ýöriş geçirildi
Türkmenistanyň energetika pudagy. Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.
Gaza goýlan gabawy böwüsmek üçin Fransiýadan ýene-de bir Global Sumud Flotiliýasy ýola düşýär
Ysraýylyň Gaza guran howa hüjümlerinde 3 palestinli ýogaldy