Aşgabatda Kuraş boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär

Ata Watanymyz Türkmenistanda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sportuň Kuraş görnüşi boýunça 14-nji Dünýä çempionaty geçirilýär.Kuraş Merkezi Aziýada dörän we türki halklaryň däp bolan guşakly göreş sporty bolup durýar.

Başa-baş söweşiň üç müň ýyllyk taryhynyň bolmagy ony bu sebitde iň meşhur sport görnüşleriniň birine öwrüpdir.Soňky ýyllarda kuraş bütin dünýäde ösdürilýär. 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda döredilen Halkara kuraş assosiasiýasy häzirki wagtda Aziýadan 32, Afrikadan 22, Ýewropadan 33, Demirgazyk we Günorta Amerikadan 22, Okeaniýadan 9 jemi 118 sany milli sport federasiýasyny özünde birleşdirýär.

Kuraş boýunça Dünýä çempionatlary 19992002-nji ýyllar aralygynda her ýyl, 2005-nji ýyldan bäri bolsa her iki ýyldan bir gezek geçirilýär. 14-nji gezek geçirilýän şu gezekki Dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanynyň iň ýokary görkezijide boljakdygy habar berilýär.

Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň berýän soňky maglumatlaryna laýyklykda, 490-dan gowrak wekil, şol sanda 53 döwletden türgenleriň 243-si, tälimçiler, eminler we beýleki resmi adamlar Aşgabatda geçiriljek çempionata gatnaşjakdyklaryny mälim edip ýüz tutdular.

Munuň özi ozal dürli ýurtlarda geçirilen Kuraş boýunça Dünýä çempionatlarynyň görkezijilerinden has ýokarydyr.

Türkmen pälwanlarynyň 15-si çykyş eder

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, şu gezekki Dünýä çempionatynda ýaryşlar agram derejeleriniň 15-si boýunça geçiriler.Erkekler 60, 66, 73, 81, 90, 100 we 100 kilogramdan ýokary agram derejelerinde, zenanlar bolsa 48, 52, 57, 63, 70, 78, 87 we 87 kilogramdan ýokary agram derejelerinde bäsleşerler.

Pälwanlar medal toplumlarynyň 15-si ugrunda göreşer.Her agram derejesinde 1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç medal gowşurylar. Şeýlelikde, baýrakly orunlaryň jemi 60-sy bolar.

55-e golaý döwlete wekilçilik etjek 250 çemesi türgeniň arasynda guralýan ýaryşa ýurdumyzyň sport abraýyny goramak üçin erjel pälwanlaryň 15-si saýlanyp alyndy.Olar daşary ýurtlarda we Arkadag şäheriniň döwrebap sport desgalarynda birnäçe okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçdiler.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Dörtguly Tejenowyň halypalygynda türgenleşen erkekler milli ýygyndymyzyň düzümine pälwanlaryň 7-si girer: Wepa Awliýakulyýew (60 kg), Döwlet Hamrakulyýew (66 kg), Şatlyk Jumanyýazow (73 kg), Daýanç Omirow

(81 kg), Sanjar Abdyrahmanow (90 kg), Ruslan Esgerow (100 kg) hem-de Sapa Sapaýew (+100 kg).Zenanlar ýygyndy toparymyzda türgenleriň 8-si: Aýşirin Haýdarowa (48 kg), Aýnur Amanowa (52 kg), Gülşat Annaýewa (57 kg), Dinara Rozykulowa (63 kg), Mariýa Lohowa (70 kg), Sabina Kadyrowa (78 kg), Jahan Muhammedowa (87 kg) hem-de Sabina Agajanowa (+87 kg) halkara derejeli sport ussady Şirin Kubaýewanyň tälimçiliginde ýaryşa taýýarlandylar.

Meýletinçiler ýaryşlaryň esasy kömekçileri

24 ýyllyk ýoluň 14-nji duralgasy bolan Türkmenistan döwletimizde geçirilýän bu dünýä derejesindäki ýaryşa diňe bir türgenler, tälimçiler gatnaşman, eýsem, ýurdumyzdan saýlanan meýletinçiler hem gatnaşýar.

Kuraş boýunça XIV Dünýä çempionaty bilen bagly ýazgylardyr şygarlar ak şäherimiz Aşgabada aýratyn ýaraşyk berýär. Sport baýramçylygyna taýýarlyk diňe bir şäheri däl, eýsem, şäheriň ýaşaýjylarynyň we onuň myhmanlarynyň ýüreklerini hem bezeýär. Ildeşlerimizde Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriljek ýaryşa bolan gyzyklanma örän uly.

2328-nji noýabr aralygynda geçiriljek Dünýä çempionatynyň tutluşyklary göni ýaýlymda üç dilde türkmen, rus we iňlis dillerinde teswirlemek göz öňünde tutuldy. Munuň üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden saýlanyp alnan talyplara Olimpiýa şäherjigindäki Halkara ýaýlyma beriş merkezinde okuwlar geçildi. Olar okuwlaryň çäklerinde sport ýaryşlaryny teswirlemek boýunça köp zatlary öwrendiler.

Meýletinçiler işi halkara ýaryşlaryň guramaçylykly geçirilmeginiň esasy ugurlarynyň biridir. Kuraş boýunça Dünýä çempionatynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan meýletinçileriň 310-sy saýlanyp alyndy. Olar taýýarlyk ugurlarynyň 14-si boýunça myhmanlara ýardam eder.

Şol meýletinçileriň içinde biziň hem baýry ýokary okuw mekdebimiz bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 80 talybynyň bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Çünki bu ýaşlara dünýä dillerini öwrenmek bilen bir hatarda sport bilen meşgullanmaga açylyp berilýän mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda geçirilýän Dünýä çempionatynyň şu gezekki ýaryşynda türkmen türgenlerine üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýeläp, ata Watanymyzyň abraýyny has-da belende götermegi arzuw edýäris!

Imran GASYMOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy
Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Kuraş 2023: 39 ýaşly türgen dünýä çempiony boldy
Kuraş 2023: türkmen ýygyndysynyň iň kiçi ýaşly agzasy çempionata ýeňiş bilen girişdi
Kuraş 2023: Sabina Agajanowa finalda göreşer
Kuraş 2023: ýedi finalyň altysynda türkmen pälwanlary göreşer
Kuraş 2023: türkmenistanly türgenleriň ählisi ýarymfinala çykdy