Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň gahrymanlaryna awtoulaglar sowgat berildi

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň gahrymanlaryna awtoulaglar sowgat berildi

Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça çempionatynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sowgady hökmünde bäş sany Toyota Fortuner we 2 sany Toyota Camry awtoulagy gowşuryldy. Türkmen türgenleri bu abraýly ýaryşda 15 dürli medal gazandy.

HHM-iň habaryna görä, sylaglanyş dabarasy şu gün Aşgabatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara maslahatyň çäginde geçirildi. Dünýä çempionlarynyň bäşisine Toyota Fortuner, iki sany tälimçä bolsa Toyota Camry awtoulagy gowşuryldy.

23 ― 28-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyna 45 ýurtdan 180-den gowrak türgen gatnaşdy.Türkmen türgenleri 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy.Dinara Rozykulowa (63 kg çenli), Mariýa Lohowa (70 kg çenli), Wepa Awlýakuliýew (60 kg çenli), Sabina Kadyrowa (78 kg çenli) we Daýanç Omirow (81 kg çenli) dagylar hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň baş tälimçileri Dörtguly Tejenow bilen Şirin Kubaýewa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi diýlen hormatly at dakyldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Kuraş boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär
Aýratyn tapawutlanan ýaşlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy
Türkmenistanyň esasy wakalary | 28-nji dekabr
Kuraş 2023: SABINA KADYROWA 16 ÝAŞDA DÜNÝÄ ÇEMPIONY!
Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna taýýar
Kuraş 2023: türkmenistanly türgenleriň ählisi ýarymfinala çykdy