Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna taýýar

Gözel paýtagtymyz Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmäge taýýar. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumy birbada 5 müňden gowrak janköýere sport ýaryşlaryna tomaşa etmäge mümkinçilik berer. Bu desgada türgenleriň, tälimçileriň ýaryşa taýýarlanmagy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň kadaly işlemegi, janköýerleriň wagtyny hoş geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.

Şu gezekki dünýä çempionatynda ýaryşlar agram derejeleriniň 15-si boýunça geçiriler.Erkekler 60, 66, 73, 81, 90, 100 we 100 kilogramdan ýokary agram derejelerinde, zenanlar bolsa 48, 52, 57, 63, 70, 78, 87 we 87 kilogramdan ýokary agram derejelerinde bäsleşerler.

Pälwanlar medal toplumlarynyň 15-si ugrunda göreşer.Her agram derejesinde 1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç medal gowşurylar. Şeýlelikde, baýrakly orunlaryň jemi 60-sy bolar.

55-e golaý döwlete wekilçilik etjek 250 çemesi türgeniň arasynda guraljak ýaryşda ýurdumyzyň sport abraýyny goramak üçin erjel pälwanlaryň 15-si saýlanyp alyndy.Olar daşary ýurtlarda we Arkadag şäheriniň döwrebap sport desgalarynda birnäçe okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçdiler.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Dörtguly Tejenowyň halypalygynda türgenleşýän erkekler milli ýygyndymyzyň düzümine pälwanlaryň 7-si girer: Wepa Awliýakulyýew (60 kg), Döwlet Hamrakulyýew (66 kg), Şatlyk Jumanyýazow (73 kg), Daýanç Omirow (81 kg), Sanjar Abdyrahmanow

(90 kg), Ruslan Esgerow (100 kg) hem-de Sapa Sapaýew (+100 kg).Zenanlar ýygyndy toparymyzda türgenleriň 8-si: Aýşirin Haýdarowa (48 kg), Aýnur Amanowa (52 kg), Gülşat Annaýewa (57 kg), Dinara Rozykulowa (63 kg) Mariýa Lohowa (70 kg), Sabina Kadyrowa (78 kg), Jahan Muhammedowa (87 kg) hem-de Sabina Agajanowa (+87 kg) halkara derejeli sport ussady Şirin Kubaýewanyň tälimçiliginde ýaryşa taýýarlanýar.

Barha ýakynlaýan dünýä çempionatynyň türgenlerimiz üçin üstünlikli geçmegini, janköýerlere bolsa ýatdan çykmajak pursatlary bagyş etmegini arzuw edýäris.

Belläp geçsek, 2016-njy ýyldan bäri Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara ýaryşlaryň birnäçesi, şol sanda jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionaty, guşakly göreş boýunça halkara ýaryş, sambo boýunça Aziýanyň çempionaty, kikboksing boýunça yklymyň birinjiligi, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bäsleşikleri üstünlikli geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Kuraş boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär
Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ýaryşlarynyň geçiriljek wagtlary belli boldy
Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklaryna nirede tomaşa edip bolar?
Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy
Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň gahrymanlaryna awtoulaglar sowgat berildi