Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty noýabr aýynda geçiriler

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty noýabr aýynda geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Halkara Kuraş Assosiasiýasy bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 23-28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, degişli Karara halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem Türkmenistanyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen gol çekildi.

Şeýle hem Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Halkara Kuraş Assosiasiýasy bilen ylalaşyp, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakyndaky Düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi
Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
"Galkan" hokkeý toparyny sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler
Kuraş 2023: ýedi finalyň altysynda türkmen pälwanlary göreşer
Kuraş 2023: türkmen türgenleriniň birinden galany finala çykdy
Kuraş 2023: Sabina Agajanowa finalda göreşer
Kuraş 2023: Şatlyk Jumanyýazow çempionatyň ikinji gününde finala çykan dördünji türkmenistanly türgen boldy