AŞGABATDA NEŞE SERIŞDELERINIŇ BIKANUN DOLANYŞYGYNA HEM-DE OŇA DEGIŞLI MESELELER BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILÝÄR

AŞGABATDA NEŞE SERIŞDELERINIŇ BIKANUN DOLANYŞYGYNA HEM-DE OŇA DEGIŞLI MESELELER BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILÝÄR

Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de oňa degişli meseleler boýunça kömekçi komissiýasynyň nobatdaky 55-nji mejlisi geçirilýär.

Bu çäre Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi tarapyndan guraldy. Mejlise Gazagystan, Gyrgyzystan, Hindistan, Iordaniýa, Fransiýa, Awstriýa ýaly döwletlerden 11 wekiliýeti, şeýle-de halkara guramalaryň birnäçesiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, neşe serişdeleriniň öndürilişi we dolanyşygy, şol sanda sintetiki neşe serişdeleriniň ýok edilmegi we beýleki degişli meseleler boýunça sebitleýin hem-de halkara derejelerdäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan BMG-niň Neşe serişdeler boýunça Komissiýasynyň 2020 – 2023-nji ýyllar döwürde agzasy bolup durýar.

Mejlise gatnaşanlar neşe serişdelerine degişli meseleleriň gerimine giňişleýin düşünmäge esaslanan bilelikde yglan edilen parahatçylyk, birek-birege ynam we global maksatlara – parahatçylyk, durnuklylyk we durnukly ösüş maksatlaryna laýyk geljekdigini bellediler.

Umumy mejlisden başga-da, forum tematiki sessiýalarda 25 –nji hoýabra çenli işlemegini dowam eder, şol döwürde bu ugurdaky derwaýys meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýene degişli makalalar

Ýakyn Gündogarda uly söweş başlarmy?
Ysraýylyň Gaza başladan hüjümleri
Diwan edebiýatynyň soňky tanymal şahyry kabul edilýän Şeýh Galip
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Pakistanda iş saparynda boldular
Türkmenistanyň Hemişelik Wekilhanasy tarapyndan Wenada çäre guraldy
Kokain Önümçiligi 2021-nji Ýylda 35 Göterim Artdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş sapary