Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi

Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti boldy. Konsertde Oskar baýragyna mynasyp bolan filmlerden sazlar ýaňlandy.

Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda berilýän habara görä, konsert Greg Gulmeniň Gimn Oskara atly sazy bilen açyldy, soň bolsa dürli ýyllarda esasy kino baýragyna mynasyp bolan filmlerden 16 saz ýerine ýetirildi.

Olardan Seniň aňyň ýel degirmeni (Ветряные мельницы твоего сознания), Başga planetaly (Инопланетянин), Oz ýurdunyň jadygöýi (Волшебник страны Оз), Ýüzükleriň hökümdary (Властелин колец) we beýleki filmlerden sazlar ýaňlandy.Orkestr sazandalarynyň ýerine ýetiren Jon Williamsyň döreden sazy tomaşaçylarda has-da gyzyklanma döretdi we Ýyldyz söweşleri filmindäki saz täsirli boldy.

Döwran Şammyýewiň we Şasenemiň ýerine ýetiren kompozitor Jastin Hurwitsiň La La Land romantiki dueti tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Habarda bellenilişi ýaly, iki aýdym meşhur jansyz 007 Jeýms Bonda bagyşlandy. Olaryň birinjisinde Billi Aýlişiň Entek ölmegiň wagty gelenok (Не время умирать) atly aýdymy Maýsa Nyýazowa ýerine ýetirdi. Sam Smitiň bu film üçin ikinji aýdymyny Döwran Şammyýew ussatlarça ýerine ýetirdi.

Kakajan Hudaýberdiýewiň tüýdükde ýekelikde ýerine ýetiren Hans Zimmeriň Gladiator sazy hem diňleýjilerde ajaýyp täsir galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

RESUL GYLYJOWYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SIMFONIKI ORKESTRINIŇ KONSERTI GEÇIRILDI
02.01.2019 | Täze ýyl dabaralary Watanymyzyň ýaş nesilleriniň bagtyýarlygyny artdyrýar
Ýylyň başy aşgabatlylaryň medeni durmuşynda düşümli boldy.WIDEO
Wladimir Mkrtumow we onuň egindeşleri zenanlar üçin we jenanlar hakda aýdymlary ýerine ýetirdiler
Milli konserwatoriýada baýramçylyk konsertleri boldy
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli göçme konsert guralýar