Aşgabatda Rejep Rejepowyň kinofilmler üçin döreden sazlary ýaňlanar

Aşgabatda Rejep Rejepowyň kinofilmler üçin döreden sazlary ýaňlanar

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde Rejep Rejepowyň kinosazlarynyň dünýäsi atly konsert berer. Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary bu konserte gelip, ajaýyp sazlardan ruhy lezzet almaga çagyrylýar.

Konsert 6-njy noýabr güni Mukamlar köşgünde geçiriler. Konsertiň başlanýan wagty sagat 19:00.

Saz agşamynyň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi bolan kompozitor Rejep Rejepowyň türkmen kinematografiýasynyň altyn gaznasyna giren meşhur kinolar üçin döreden sazlary ýerine ýetiriler.

Petekleri satyn almak bilen bagly sowallar üçin afişada görkezilen telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Prezidentiň garyndaşynyň awçylary kemsidýän wideosy seslenme döretdi
Daşoguz welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy korrupsiýada saklandy çeşmeler
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Daşogzuň birnäçe öňki saglyk resmisine iş kesildi, olar tussaglykda 'gynaldy'
'Ýerden ýokarda, uçup ýöreýänler' näme üçin halanmaýar?
Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly