Aşgabatda şort-trek boýunça ýaryş geçirildi

Aşgabatda şort-trek boýunça ýaryş geçirildi

Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynyň buz meýdançasynda sport mekdepleriniň şort-trek boýunça açyk çempionaty geçirildi. Ýaş türgenler 500 we 1000 metrlik aralyklarda bäsleşdiler. Ýaryşyň netijeleri boýunça, orunlar şeýle boldy: 1000 metr aralykda (oglanlar): I orun Emmanuel Gurbangulyýew.

II orun Daňatar Muhamow. 500 metr aralykda (oglanlar): I - orun Kerim Arslanow II- orun Atajan Atanyýazow 500 metr aralykda (gyzlar): I- orun Merýem Hudaýgulyýewa.II- orun Aýjan Bekiýewa III- orun Nurana Atanyýazowa Türkmenistanyň şort-trek boýunça ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aýhanym Gulamalyýewa ýaryşa gatnaşanlaryň ýokary mümkinçiliklerini belledi: Ýigitlerimiziň geljegi örän uly.

Yhlasly türgenleşikler netijesinde, biz uly işleri meýilleşdirýäris, olaryň iň esasysy 2027-nji ýylda Krasnoýarskda geçiriljek Aziýa çagalary atly halkara sport oýunlarynda gowy çykyş etmek.Türkmenistanda sportuň şort-trek görnüşiniň ösüşi ýaş zehinler üçin täze mümkinçilikleri açmak bilen, depginli ösüşe eýe bolýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Kesearkajyň düzünde aýdymy bilen adygan
Hasyl bolan arzuw
8-nji martda Mähriban dideler atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi bolar