Hasyl bolan arzuw

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda medeniýetimiziň we sungatymyzyň pajarlap ösmegine giň ýol açyldy. Şol sanda türkmen teatr sungaty hem dünýä derejesinde uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolup, döwrebap sahna oýunlary sahnalaşdyrylýar.

Teatr sungaty barha kämilleşip, ussat artistleriň zähmeti bilen täze sahna oýunlary tomaşaçylara hödürlenýär.Teatrlarymyzyň sahnasynda milli eserlerimiz bilen bir hatarda beýleki halklaryň eserleri hem yzygiderli sahnalaşdyrylýar.Ykbalyny teatr sungatyna bagyş edip, sahnada gaýnap joşup, dürli kärdäki, dürli ykbaldaky we häsiýetdäki ynsanlaryň keşbine girip, halk köpçüliginiň we teatr muşdaklarynyň söýgüli artistlerine öwrülip, ussat artist hökmünde halkyň aňynda galmagy başarýan artistleriň sany barha artýar. Şeýle artistleriň biri, ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň halypa artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly adyň eýesi Aýsoltan Kowusowa bilen söhbetdeş bolup, ony okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Aýsoltan gelneje, söhbedimiziň başynda ykbalyňyzy teatr sungaty, sahna durmuşy bilen baglanyşdyrmagyňyza sebäp bolan zat hakynda gürrüň beräýseňiz?

Adam arzuwsyz, guş ganatsyz bolmaz diýlişi ýaly, meni teatr durmuşyna çeken, göze görünmeýän çäksiz güýç umytly arzuwym maňa ganat berdi. Çagalykdan artist bolmak höwesim bardy.Teleýaýlymyň üsti bilen halypa artistleriň ýerine ýetirýän keşplerine seredýärdim, öz ýanymdan tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde keşp janlandyryp, olaryň mynasyp el çarpyşmalaryna höwes edýärdim. Şol höwes mende öňki Gara Seýitliýew adyndaky Medeni aň-bilim tehnikumyna alyp geldi.

Tehnikumyň aktýorlary taýýarlaýan bölüminde okap, ony üstünlikli tamamladym.Ine, bu günki gün bolsa meniň arzuwym hasyl boldy.Onuň miwesinden süýjülik bilen, gadyr hem söýgi bilen dadyp ýörün.

Meniň ömrümiň örki sahna.Men bu gün durkum bilen sahna örklendim.Sahnasyz durmuşy göz öňüne hem getirip bilemok.

Teatryňyzyň döredijilik toparynyň özbek ýazyjysy Nurullo Abbasyň edebi eseri esasynda sahnalaşdyran Körpe gelin atly gülküli sahna oýny halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Şol sahna oýnunda siz hem körpe gelniň gaýyn enesiniň, ýagny Karima apanyň keşbini janlandyrdyňyz. Şular dogrusynda aýdaýsaňyz?

Biziň teatrymyzda diňe bir öz ýazyjylarymyzyň, dramaturglarymyzyň eserlerinden sahna oýunlary goýulman, eýsem, doganlyk halklaryň eserlerine hem ýüzlenilýär.Körpe gelin sahna oýnunda maňa-da enäniň keşbini janlandyrmagy teatrymyzyň zehinli artisti hem režissýory, Türkmenistanyň halk artisti Nury Hudaýgulyýew ynam edip tabşyrdy.

Men hem onuň ynamyny ödejek bolup, zehinimi, ukyp-başarnygymy orta goýup işledim.Bu keşp teatr muşdaklarymyz tarapyndan oňat garşy alyndy.Maňa bu keşbi janlandyrmak kyn düşmedi.Sebäbi men durmuşda hem ene, teatryň sahnasy hem artistiň durmuşy.

Maşgala agzybirligi, birek-birege söýgi, sylag-hormat, maşgala binýadynyň berk tutulyp, onuň hiç haçan mizemezligini gazanmak sahna oýnunyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.Karima apanyň bolsa maşgalada agzybirligi saklamakda uly bir sütün hökmünde sözüni ýöredýän ene bolup, bitirýän işi maksadaokgunlylyk, maşgaladaky tertip-düzgüni, terbiýäni berk gorap saklamakda görelde bolup durýar.

Bu enäniň keşbi maňa örän ýakyn hem söýgüli keşpleriň biri bolup, bütin süňňüme ornady.Maňa ynanylýan ene keşpleri dürli häsiýetdäki eneleriň keşbi bolsa-da, ene ene bolýar.Enäniň keşbi durmuşda bolşy ýaly sahnada-da gowy, ekranda-da.

Ene öz perzentleriniň ugrunda janserekdir. Şol nukdaýnazardan alsaň hem enäniň mähri, söýgüsi beýik, maksady çagalaryny diňe gowulyga itermek, ilhalar, jemgyýete peýdaly perzent edip ýetişdirmek, şonuň üçin hem eneleriň keşbini döredemde özümi durmuşdaky ýaly alyp barýaryn.

Režissýor maňa köplenç enäniň keşbini ynanýar, enäniň keşbini tomaşaça ynandyryjy edip ýetirmegim üçin meniň bilen köp synag, taýynlyk işlerini geçýär.Her bir janlandyrýan keşbiňi ýüregiň bilen ýerine ýetirseň, ol ýürege barýar.

Körpe gelindäki enäniň keşbi tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan keşpleriň biri boldy.

Siz kino sungaty bilen hem ýakyn aragatnaşyk saklaýaňyz, şeýle-de mawy ekran arkaly ýaýlyma berilýän daşary ýurt filmlerine-de öz sesiňizi berýäňiz, şular barada aýdaýsaňyz?

Men teatrdan boş wagtlarym Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Miras teleradioýaýlymynyň terjime bölüminde daşary ýurt filmlerine hem-de multfilmlere sesimi berip gelýärin.Bu iş tejribe toplamaga örän ýardam berýär.

Munuň teatr hem-de kino sungatynda arassa geplemäge, sözleri düşnükli hem-de dürs aýtmaklyga, äheňi dogry bermekde ähmiýeti örän uly.Men belli senelerde çeper okaýyşlar bilen hem çykyş edip durýaryn.

Kino sungaty barada aýtsam, men Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşigi bilen hem ýakyn aragatnaşyk saklaýaryn. Şu günki güne çenli men ol ýerde-de birnäçe çeper we çeper-publisistik filmlerde çykyş edip, keşp janlandyryp, kinofilmlere ses berip gelýärin.

Kino sungaty boýunça esasy belläp geçjek zadym, Türkmenistanyň at gazanan artisti, aktýor hem ençeme filmleriň režissýory Şirli Mollaýew Ömür kerweni atly köp bölümden ybarat bolan çeper filmi surata düşürende, filmiň esasy gahrymany bolan Kerwen atly ýigidiň ejesi Annatäç enäniň keşbini maňa ynandy.

Bu keşp meniň durmuşymdaky häsiýetime gabat gelýär.Bu keşbi döretmegim meni tomaşaçylar köpçüligine has ýakynlaşdyrdy.Bu filmiň temasy durmuşy tymsallardan alnyp, ýurdumyzyň ähli ugurdaky ösüşleri, özgerişleri, türkmen telekeçileriniň uly at-abraýa eýe bolup, zähmet çekişleri, agzybirlik, dosta wepalylyk, Watana, ene-ata, birek birege bolan söýgini açyk-aýdyň görkezýär.

Men bu filmde çykyş edendigime, onda-da enäniň keşbinde çykyş edendigime diýseň buýsanýaryn.Perzendine diňe halallygy, päkligi ündeýän enäniň keşbini uly höwes bilen ýerine ýetirdim.Häzirki güne çenli bu filmiň ýigrimi iki bölümi Miras teleradioýaýlymy arkaly ýetirilip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

Teatryň sahnasynda janlandyrýan keşpleriňiz barada-da gürrüň beräýseňiz?

Men 2001-nji ýylda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatryna gadam basanymdan soň, ilkinji döreden keşbim Hüýrlukga-Hemra dessanynda baş keşp bolan Has keniziň keşbi boldy.Bu keşbi döretmegi maňa dessany sahnalaşdyran režissýor, halypa artistimiz, Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowow ynandy.

Men hem halypamyň ynamyny ödejek bolup, yhlas baryny siňdirip, Has keniziň keşbini ynandyryjy edip tomaşaçylara ýetirmegi başardym. Şondan soň teatryň režissýorlary maňa keşp yzyna keşp ynanyp başladylar.Olardan Sawçy hem Sallahlarda Ýamanja eje, Bir ojakda iki dünýäde Bike daýza, Baý gelinde Selbijemal Gelenowna, Nurana şekillerde Gumly gelin Arzuwjemal, Ykbal öwrümlerinde Sähra, Ýürek telwasynda söwdagär Enegül Myradowna, Super gaýyn enede gaýyn enäniň keşbi, Gahryman

Arkadagymyzyň Amul-Hazar rowaýaty boýunça sahnalaşdyrylan oýunda Hüýr periň keşbi, Nuh pygamberde pygamberiň ýanýoldaşy Noparyň keşbi, Toýumyza gel, toýumyza atly sahna oýnunda Gülbibi ýeňňe ýaly döreden keşplerim şowly çykan keşplerdir.

Halypa artist hökmünde häzirki ýaş artistlere berjek maslahatlaryňyzy hem eşidäýsek?

Ilki bilen käriňi söýmeli, ondan lezzet alyp işlemeli, teatry, sahnany söýmeli.Galyberse-de, režissýor saňa keşp janlandyrmagy ynandymy, sen şoňa ýüregiň bilen ýapyşmaly, şol keşbi özüňde oňat özleşdirmeli. Ähli bilimiňi, zehiniňi, ukyp-başarnygyňy şol keşbe siňdirmeli, aýdýan sözleriňi ýürekden aýtmaly, döredýän gahrymanyň özi bolup aýtmaly.

Geldi-geçerlige ýol bermeli däl, çeper eserleri köp okamaly, halypalardan öwrenmeli, olary diňlemeli, bilmeýän zadyňy soramaga çekinmeli däl, diňe şeýle edilende döredýän we döretjek keşbiň bilen halkyň aňynda galmagy başararsyň.

Halypa, siziň maşgalaňyza sungat maşgalasy hem diýýärler. Eger mümkin bolsa maşgalaňyz bilen hem tanyş edäýseňiz?

Meniň agzybir maşgalam bar. Ýanýoldaşym Tirkiş Kowusow häzirki wagtda kino sungaty bilen meşgullanýar, uly oglum Didar Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda artist bolup işleýär, gyzym Enejan hem aktýorçylyk ugrundan okady, häzirki wagtda maşgalaly, öý hojalykçy.

Körpe oglum Döwlet sport ugrundan okap, zähmet çekip ýör, ol sporty saýlady.Meniň üç çagamdan ýedi agtygym bar.Umuman, sungat meniň paýyma düşen peşgeş diýip hasap edýärin. 2011-nji ýylda şanly Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda meniň çeken zähmetim nazara alnyp, Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at dakyldy.

Muňa meniň begenjimiň çägi ýok.Bu baýrak maňa öňküdenem gujurly, gaýratly işlemäge itergi berdi, men sungatdan bagt tapan zenan, teatryň sahnasy ömrümiň örklenen ýeri. Çagalykda eden arzuwym bu günki gün hasyl boldy, gülledi, gül açdy.

Teatr işgärlerine, medeniýet, sungat, döredijilik adamlaryna goýýan sylag-sarpasy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Aýsoltan gelneje, size-de mundan beýläk hem döredijilik üstünligini, maşgala agzybirligini, berk jan saglyk arzuw edýäris.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Döwletmyrat Hojaberdiýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Saz sungatyna bagyşlanan çeper film
Aşgabatdan Londona uçuşlar üçin awiapetekler satuwa çykaryldy, Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Täjigistana barar, Türkmenistan parlament saýlawlarynyň netijelerini yglan etdi we beýleki habarlar