Aşgabatda sowadyjylary we split-sistemalry zor bilen sökmegiň täze tapgyry başlandy

Arhiw fotosy

“Azatlyk” radiosynyň maglumatyna görä, Aşgabatdaky N.Andalyp we we A.Nyýazowy köçeleriniň çatrygyndaky köp gatly jaýlaryň, şeýle-de Mir-3, Mir-4 mikroraýonlaryndaky jaýlaryň sowadyjylaryny sökýärler.

Işçiler kondisionerleri aýap durmaýarlar we olara zyýan ýetip-ýetmezligi bilen gyzyklanmaýarlar. Sowadyjylary hatda kwartirada olaryň eýeleri ýok wagtynda hem söküp aýyrýarlar.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” ozal habar berşi ýaly, kondisioner eýelerine olary aýawlyja, freonyny (sowadyjy suwuklyk) dökmän sökmegi hem teklip edýärler, ýöne munuň üçin 50 manat tölemeli (döwlet kursy boýunça $14 ýa-da “gara bazar” kursy boýunça $7,5). Ýogsam bolmasa oňa täze freon guýdurmak 250-300 manada (döwlet kursy boýunça $71-86 ýa-da “gara bazar” kursy boýunça $38-45 ) düşýär.

Kondisionerleri söküp aýyrmak 2012-nji ýylda başlandy, emma gadaganlygyna garamazdan, ýaşaýjylary barybir olary jaýlaryň içerki tarapynda, balkonlarda we hatda girelge meýdançalarynda hem oturdýarlar.

Jaýlaryň ýaşaýjylary muny “40-45 gradus yssyda sowadyjysyz ýaşamagyň asla mümkin däldigi” bilen düşündirýärler.

2014-nji ýylda, kondisionerleri sökmek baradaky nobatdaky synanyşykdan soň, gazaba münen ýaşaýjylar göterijili kranly maşynlaryň jaýalara barýan ýoluny baglap, birden protest aksiýasyna çykdylar. Şondan soň, ýaşaýajylary köşeşdirmek üçin, Aşgabadyň häkimi Rejepgeldi Nurmyradow şäheriň öz serişdeleriniň hasabyna bezegli kiçijik balkonlary gurmagy, şonuň içinde hem split-sistemalary ýerleşdirmegi wada berdi.

Ol bu hili balkonjyklaryň eskizini hem görkezdi.Emma kondisionerleri sökmek şindi hem dowam edýär we indi split-sistemalary ýygşyrjak bezegli balkonjyklar barada gürrüň edilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda 114 belgili täze awtobus ugry açyldy
Kompýuter ulanmaklyk we göz sagdynlygy
Aşgabatda täze awtoulag ötüginiň açylyşyna nähili taýýarlyk görüldi. Içerden syn.
Onýedinjiniň yssy tomsy… (üsti ýetirilen)
Uzak aralyga gatnaýan awtobuslaryň 'gaty utandyrýan' kemçiligi bar
“Gazanylan üstünlikleriň” sanawy. Okyjydan