Aşgabatda Suhan Tüýliýewiň döredijilik agşamy geçirildi

Aşgabatda Suhan Tüýliýewiň döredijilik agşamy geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli-sazly drama teatrynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýewiň döredijilik agşamy geçirildi.

Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynyň habar bermegine görä, kompozitoryň döredijilik agşamy Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen Türkmen binasy diýen meşhur eseriniň ýerine ýetirilmegi bilen başlady. Bu aýdym Iki horuň hem-de tenor sesli aýdymçy Röwşen Baýramowyň ýerine ýetirmeginde dabara gatnaşyjylara hödürlendi.

Soňra Suhan Tüýliýewiň ýerine ýetirilen Pendi nagmalary, Ezizim diýen we beýleki eserleri diňleýjilere türkmen topragynyň ertekilerdäki ýaly ajaýypdygy barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda görkezilen wideoşekillerde Hazaryň tolkunlarynyň üstünden uçup göçýän guşlaryň uçuşy, goýny al-ýaşyl güläleklere beslenen aňyrsy görünmeýän sähralyklar, dag çeşmeleriniň şildiräp akýan suwy, köpürjikli dag şarlawuklary beýan edildi, suratkeşleriň eserlerinde şekillendirilen türkmen zenanlarynyň gözelligi aýratyn orun eýeledi.

Konsert A.Atabaýewiň sözlerine döredilen Döwletli Döwran geldi diýen meşhur kontatanyň ýaňlanmagy bilen tamamlandy. Ol ýerine ýetirilende simfoniki orkestre horuň hem-de aýdymçy Röwşen Baýramowyň çykyşlary, şeýle hem gargy tüýdügiň (Wepa Ödäýew) we gopuzyň (Baýramgül Ahmedowa) owazy goşuldy. Bu saz eseri ýaňlananda, zalyň içi, konsertiň açylyşynda bolşy ýaly, ýene-de joşgunly dabaraly owaza doldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Kompozitor Suhan Tüýliýew: durmuş ýolunyň döwürleri
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmen Binasy atly Suhan Tüýliýewiň eserlerinden düzülen konsert
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany