Aşgabatda täze lukmançylyk merkezleriniň düýbi tutuldy

Aşgabatda täze lukmançylyk merkezleriniň düýbi tutuldy

Aşgabat şäherinde çarşenbe güni täze lukmançylyk merkezleriniň birbada üçüsiniň - Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Täze lukmançylyk merkezleriniň üçüsiniň düýbüni tutmak dabaralaryna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary, Bilim ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkiýeli myhmanlar, lukmanlar we il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşynda saglygy goraýyş özgertmeleriniň esasy ugurlary, täze desgalaryň ähmiýeti barada aýtmak bilen, adamyň we onuň saglygynyň ýurdumyzda döwletiň we jemgyýetiň esasy gymmatlygy bolup durýandygyny nygtady. Soňra “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk çykyş etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazga gol çekdi we ony ýörite guta ýerleşdirip, täze desganyň binýadyna atmak bilen, iri gurluşyga badalga berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, soňra dabaralar Stomatologiýa merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüniň tutulmagy bilen dowam etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat şäherinde guruljak 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklaryny amala aşyrmak “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasyna ynanyldy.

Ýene degişli makalalar

Ahalteke atçylyk toplumynda goşmaça binalar we desgalar gurlar
Aşgabatda täze saglyk merkezleriniň düýbi tutuldy
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЬ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ ВО ВНЕОЧЕРЕДНОМ САММИТЕ ОРГАНИЗАЦИИ ТЮРКСКИХ ГОСУДАРСТВ
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň durky täzelener
Türkmenistanyň Prezidenti Polimeksiň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi