Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy

15-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

Bu lukmançylyk desgalarynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklaryna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewralynda gol çeken degişli Kararlaryna laýyklykda badalga berildi.

Bu desgalaryň gurluşygy ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy hem-de Türkmenistanda ençeme möhüm taslamalary durmuşa geçiren Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş. türk kompaniýasyna ynanyldy.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýadygärlik ýazgyly gutujyk binanyň düýbüne atylýar.

Ýene degişli makalalar

Ahalteke atçylyk toplumynda goşmaça binalar we desgalar gurlar
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЬ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ ВО ВНЕОЧЕРЕДНОМ САММИТЕ ОРГАНИЗАЦИИ ТЮРКСКИХ ГОСУДАРСТВ
Aşgabatda täze lukmançylyk merkezleriniň düýbi tutuldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň durky täzelener
Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy atly halkara maslahat geçirildi
Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini artdyrjak elektrostansiýa açylyp, ulanylmaga berildi