Aşgabatda Täze ýyl mynasybetli konsertler we baýramçylyk şowhunlary geçiriler

Aşgabatda Täze ýyl mynasybetli konsertler we baýramçylyk şowhunlary geçiriler

Täze ýylyň gelmegine sanlyja gün galdy. Ýurdumyzyň medeniýet meýdançalarynda baýramçylyk çäreleriniň giň gerimli meýilnamasy, şol sanda teatr sahna oýunlary, sazly konsertler, degişmeli şowhunlar, sergiler we ýarmarkalar guralýar.Bu synymyzda öňümizdäki günlerde geçiriljek dabaralar baradaky maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris. 27-nji, 28-nji we 29-njy dekabrda sagat 18:00-da Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda konsertler bolar.

Aşgabadyň ýaşaýjylary we paýtagtymyzyň myhmanlary eýran-şwed aýdymçysy Araşyň, russiýaly aýdymçy we sazanda Motuň (Matweý Melnikow) hem-de türkiýeli pop-aýdymçy Semicenkiň çykyşlaryna tomaşa edip bilerler. 30-njy dekabrda sagat 18:00-da baýramçylyk hepdesi türkmen estradasynyň ýyldyzlarynyň konserti bilen jemlener. 28-nji dekabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konserti bolar.

Konsertde dünýä nusgawy sazlarynyň ajaýyp eserleri ýaňlanyp, olar diňleýjilerde Täze ýyl ruhuny döreder we saz gurallarynyň jadyly owazyndan ruhy lezzet almaga mümkinçilik berer. 29-njy dekabrda sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Roždestwo hitleri atly konsert geçiriler.

Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallar orkestri meşhur Täze ýyl filmlerinden sazlary ýerine ýetirer.Paýtagtymyzyň teatrlary hem Täze ýyl baýramyny şatlykly geçirmäge çagyrýarlar: Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 27.12.2025: Gelin gelýär 19:00; 28.12.2025: Gelin gelýär 19:00; 29.12.2025: Täze ýyl degişmeleri 19:00; 30.12.2025: Täze ýyl degişmeleri 19:00.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry: 27.12.2025: Täze ýyl baýramynyň şowhunly sazlary 19:00; 28.12.2025: Täze ýyl baýramynyň şowhunly sazlary 19:00; 30.12.2025: Hoş geldiň, ülkäme ajap Täze ýyl 19:00.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry: 28.12.2025: Täze ýylyň jadyly sandygy 19:00; 30.12.2025: Täze ýyl degişmeleri 19:00.A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry: 27.12.2025: Дед Мороз и серый волк (Aýazbaba we çal möjek) 12:00; 28.12.2025: Дед Мороз и Снежная королева (Aýazbaba we Gar şazenany) 11:00; 13:00; 30.12.2025: В гостях (Myhmançylykda) 19:00; 31.12.2025: С Новым годом! (Täze ýylyňyz bilen!) 19:00.

Mollanepes adyndaky talyplar teatry: 29.12.2025: Täze ýyl degişmeleri 19:00; 30.12.2025: Täze ýyl degişmeleri 19:00.Türkmen döwlet gurjak teatry: 27.12.2025: Çagaly öý — bazar 17:00; 28.12.2025: Täze ýylda körpe nesil şatlanýar 12:00; 16:00; 19:00; 29.12.2025: Çagaly öý — bazar 14:00; 16:00; 30.12.2025: Täze ýylda körpe nesil şatlanýar 12:00; 14:00.

Ýene degişli makalalar

TÄZE ÝYLA BAÝRAMÇYLYK SOWGADY
Ýurdumyzyň teatrlarynda Täze ýyl şowhuny
22-24-nji noýabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň TERTIBI
6-8-nji dekabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
20-22-nji dekabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Ýurdumyzyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk—dost-doganlyk binýady atly hepdelik geçiriler