Aşgabatda Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisine taýýarlyk görülýär

Aşgabatda Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisine taýýarlyk görülýär

Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň şu ýylyň 29-njy noýabrynda geçiriljek 6-njy mejlisine taýýarlyk görülýär.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar strategik häsiýete eýedir. Özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek, täze geljegi uly ugurlar boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, degişli ikitaraplaýyn Ylalaşygyň esasynda, agzalan komitet döredildi. Häzirki wagta çenli bu komitetiň bäş mejlisi geçirildi. Komitetiň düzüminde 6 sany kiçi komitet hereket edýär.

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň gün tertibine nebitgaz ulgamy, ulag we logistika, oba hojalygy, himiýa we dokma senagaty, ylym we bilim, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri girizildi. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy göz öňünde tutýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy, Pekinde Türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi, Türkmenistanda aýratyn hyzmatlary üçin Şahsy pensiýa girizildi we beýleki habarlar
Türkmen-hytaý howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan bilen Hytaý Ýewropa uzaýan täze ulag geçelgelerini döretmegi meýilleşdirýär
Pekinde ulag-logistika hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi
Türkmenistan we Hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdylar