Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy, Pekinde Türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi, Türkmenistanda aýratyn hyzmatlary üçin Şahsy pensiýa girizildi we beýleki habarlar

Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy, Pekinde Türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi, Türkmenistanda aýratyn hyzmatlary üçin Şahsy pensiýa girizildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri ajaýyp çäre Türkiye dokuma atlası taslamasynyň çäklerinde meşhur türk matalaryndan tikilen eşikleriň görkezilmegi bilen tamamlandy. Çäre Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda geçirildi. Türk dokma önümleriniň hili asyrlar boýy kämilleşdirilip gelinýär. Aýratyn-da, Türkiýäniň 9000 ýyl ozal dokma senedi ýüze çykan taryhy sebiti bolan Anadoly matalary has meşhurdyr.

2. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pekinde Ykdysady hyzmatdaşlyk taslamalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisine gatnaşdy. Hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyk häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň köp ugurlar boýunça okgunly we yzygiderli görnüşde ösýändigi bellenildi.

3.Türkmenistanda ýurduň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň we bermegiň Tertibine üýtgetmeler girizildi. Üýtgetmelere laýyklykda, şahsy pensiýanyň mukdary adaty pensiýa mukdarynyň 20 birligine deň bolar. Şahsy pensiýa uzak ýyllaryň dowamynda halal zähmet çekip, Türkmenistanyň Gahrymany diýen ada eýe bolanlara ýa-da pensiýa ýaşyna ýetensoň, birnäçe beýleki ýokary döwlet sylaglaryna eýe bolan adamlara döwletiň ösmegine goşan aýratyn goşandy üçin belleniler.

4. 20-nji noýabrda Berlinde geçirilen Türkmen-german işewürlik forumynda 19 Ähtnama we umumy bahasy 8 million 160 müň ýewro bolan ylalaşyga gol çekildi. Iki ýurduň telekeçileriniň işewürlik duşuşygy hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge özara gyzyklanma bildirilýändigini we bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna taýýardyklaryny görkezdi. Türkmenistanyň işewür wekiliýeti nemes hyzmatdaşlary bilen duşuşyklary geçirdi, olaryň dowamynda strategiki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

5. Aşgabatda köp sanly tomaşaçylaryň gatnaşmaklarynda germaniýaly ussat pianinoçylar duetiniň konserti geçirildi. Sazandalar Marsel Dorn we Ştefan Weý Bawariýanyň uly bolmadyk etrabyndan. Olar öz çykyşlarynda meşhur aýdym-saz eserleriniň gaýtadan işlenilen nusgalaryny ýerine ýetirýärler. Sazandalaryň özleriniň gürrüň berişleri ýaly, olar 100 ýurtda 1000 konsert berdiler.

Dünýäde

6. Belarusda ýeralmanyň ýadygärligi açyldy. Bürünç heýkel ýeralmadan doldurylan sebediň şekilinde ýasalypdyr. Ol Oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda ýeralma saklanýan ammaryň gapdalynda oturdyldy.

7.Mawy ara totuguşlary soňky 37 ýylda ilkinji gezek ýabany tebigatda jüýje ösdürip ýetişdirdiler.Bu alymlaryň, hünärmenleriň we Braziliýanyň hökümetiniň tagallalary netijesinde mümkin boldy.Jübüt iki guş goraghanada gurlan emeli höwürtgede ýerleşdirildi.

Noýabr aýynyň ahyrynda ýumurtgadan iki sany sagdyn jüýje çykdy.Mawy aralar açyk mawy reňkli ýelekleri bolan iri totuguşlardyr.Olar Braziliýanyň demirgazyk-gündogaryndaky tropiki tokaýlarda ýaşaýardylar, ýöne tokaýlaryň çapylmagy we öý haýwany hökmünde satmak üçin tutulmaklary sebäpli 2000-nji ýyla çenli dolulygyna ýitip ýok bolmak howpy astynda galdylar.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň ikinji aýlawynda myhmançylykda Gonkongyň topary bilen deňme-deň oýnady. Duşuşyk Gonkong stadionynda geçirilip, 2:2 hasabynda tamamlandy. Türkmen toparynyň düzüminden Gonkongyň Kitçi toparynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow garşydaşyň derwezesine iki gol geçirmegi başardy. Duşuşygyň dowamynda ýer eýelerine iki gezek hasaby deňläp, oýny deňme-deň tamamlamak başartdy.

9.Aşgabatda Kuraş göreşi boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň badalga almagyna sanlyja gün galdy. Ýakynda geçiriljek dünýä çempionatynyň ýylyň esasy sport wakalarynyň biri hökmünde taryha girjekdigini aýdyp bileris.

Täze maglumatlara görä, Aşgabada jemi 490-dan gowrak adam, şol sanda 53 ýurtdan türgenler, tälimçiler, eminler we beýleki resmi adamlar geler.Erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda bolsa 8 agram derejesinde 15 sany medallar toplumy ugrunda göreşiljek dünýä çempionaty Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Mingazow milli ýygyndynyň martda geçirjek DÇ-2026 saýlama duşuşyklaryna gatnaşyp bilmez
Budapeştde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Wengriýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi, Jo Baýden Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny ABŞ-da geçiriljek sammite çagyrdy we beýleki habarlar
Wepa Jumaýew näme üçin milli ýygynda çagyrylmady? Baş tälimçi jogap berdi
Gonkong neşiri Ruslan Mingazow bilen söhbetdeşligi çap etdi
Ruslan Mingazow näme üçin milli ýygynda çagyrylmady?
Mergen Orazow Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň çempionatyna taýýarlygy, Ruslan Mingazowyň näme üçin milli ýygynda çagyrylmandygy we beýleki ýagdaýlar barada gürrüň berdi