Aşgabatda Türkmen-tatar işewürler maslahaty öz işine başlady

Aşgabatda Türkmen-tatar işewürler maslahaty öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky Ýyldyz myhmanhanasynda Türkmen-tatar işewürler maslahaty açyldy. Bu çäre Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Işewürler maslahatyna iki ýurduň döwlet gurluşlarynyň, pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem dünýä belli Tatneft, Wneşnetorgowaýa kompaniýa KAMAZ, Kazanskiý wertoletnyý zawod paýdarlar jemgyýetleri ýaly Tatarystanyň döwlet we hususy kärhanalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary gatnaşýar.

Maslahatda türkmen tarapyna Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew, Russiýanyň wekiliýetine bolsa Tatarystanyň Premýer-ministriň orunbasary, senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko ýolbaşçylyk edýär.

Forumyň çäginde Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-tatar gatnaşyklaryny pugtalandyrylýar
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY BAŞLANDY
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy
Halk market türkmen-tatar işewürlik forumynda hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy
Türkmenistanda Türkiýede bolup geçen ýertitremede aradan çykanlaryň we ejir çekenleriň hatyrasyna sadaka berildi, Aşgabatda üç sany lukmançylyk merkeziniň düýbi tutuldy, Remezan aýynda agyz beklenilýän we açylýan wagtlaryň meýilnamasy köpçülige ýetirildi
ТУРКМЕНО-ТАТАРСТАНСКИЙ БИЗНЕС-ФОРУМ