Aşgabatda Türkmen-türk doganlygy sergisi geçirildi

Aşgabatda Türkmen-türk doganlygy sergisi geçirildi

Bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň çäginde Türkiýäniň we Türkmenistanyň medeni, taryhy mirasyna bagyşlanan ajaýyp sergi geçirildi.

Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda berilýän habara görä, bu ýerde iki ýurduň milli tagamlaryny dadyp görmäge, şeýle hem iki ýurduň medeni däp-dessurlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döredildi.

Sergide halk senetçilik önümleri, türkmen we türk milli eşikleri görkezildi.

Bu çäre ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli tansy Küştdepdi bilen açyldy. Şeýle hem milli türk tansy Kaşyk ýerine ýetirildi.

Sergä gelenler türkmen we türk milli aşhanalarynyň iň gowy tagamlaryny dadyp gördüler. Naharlaryň arasynda gyzgyn palaw, dolma, pişme, türk kofesi we başgalar bar.

Serginiň soňunda ahalteke atlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Bilelikdäki türkmen-türk mekdebi iki ýurduň doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr. Çeşmäniň bellemegine görä, mekdepde okuw meýilnamasyna laýyklykda goşmaça tans we halk döredijiligi hem öwrenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe bilen Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmegi teklip etdi
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiýäniň Bilelikdäki maýa goýum fonduny döretmegi teklip etdi
Türkmenistan we Türkiýe Hazaryň we Gara deňziň üstünden geçýän üstaşyr ýollary işjeňleşdirer
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-türk işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-türk işewürlik maslahatyndaky çykyşynda sözlän sözlerinden