Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergi açyldy

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergi açyldy. Ýurdumyzyň gazananlaryny hem-de halk hojalyk toplumyny ösdürmekde döwrebap meýilleri öz içine alan foruma ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 37-si, teleýaýlymlaryň 6-sy, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşýar. 12 gün dowam etjek hem-de dürli işewürlik çärelerini öz içine aljak wideomaslahat görnüşinde geçirilýän baýramçylyk sergisine daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşar. Şeýle giň gerimli çäräniň geçirilmeginiň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan hem-de ählumumy parahatçylygy gazanmaga, özara bähbitli we deňhukukly döwletara gatnaşyklary, şol sanda daşary ykdysady we daşary söwda aragatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen Bitaraplyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda şeýle diýilýär: “Hemişelik Bitaraplygyň şöhratly 25 ýylynyň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasiýa taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ählumumy ykdysady giňişlikde Diýarymyzyň ornuny barha berkitmekde belent sepgitlere ýetildi”. Şeýle hem bu Gutlagda: “Türkmenistanyň Bitaraplygy türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däpleriniň dowamydyr, türkmen döwletiniň mäkäm tutulan binýadydyr, parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň ygtybarly kepilidir” diýlip bellenilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagy dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly üns bilen diňlenildi.Olaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy we deputatlary, Hökümetiň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik düzümiň hem-de halkara guramalaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Köp pudaklaýyn sergi türkmenistanlylaryň öz Garaşsyz, Bitarap Watanyna bolan watançylyk duýgularynyň tutuş çuňlugynyň beýanyna öwrüldi.Forumyň açylyşynyň öň ýanynda guralan paýtagtymyzyň aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary onuň döredijilik beýanyna öwrüldi. Şu günki serginiň tapawutly aýratynlygy sanly tehnologiýalaryň doly ulanylýandygydyr.

Sergi merkeziniň meýdançasynda döwlet we hususy düzümleriň, şol sanda her pudagyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini wideogörnüşde tanyşdyrýan ministrlikleriň, dolandyryş edaralarynyň, iri kärhanalaryň diwarlyklary ýerleşdirildi.Her bir diwarlygyň özboluşly bezelendigini bellemek gerek.

Sergi meýdançasynda gurnalan ak öýde “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň işi bilen tanyşmak bolýar.Atyň nalynyň nusgasy “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň sergi bölüminiň ýüzüniň tuwagyna öwrüldi.Bilim ministrliginiň diwarlygy açyk kitaby ýatladýan bolsa, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň diwarlygy uçaryň bortuny göz öňüňe getirýär. Şu günki sergi Diýarymyzyň häzirki sazlaşykly durmuşynyň özboluşly beýany bolup durýar hem-de döwletimiziň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýar.

Serginiň köpugurlylygy ähli zatda: mowzuk babatda köpdürlüliginde, dürli ýurtlaryň wekilçiliginde, işewür teklipleriň dürli ugurlylygynda öz beýanyny tapýar.Görkezilýän wideofilmler milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasatyň üstünlikleri, ägirt uly şähergurluşyk maksatnamasy, ulag-kommunikasiýa düzümi, suw hojalygy hem-de elektroenergetika, nebithimiýa, gurluşyk senagaty, şeýle hem telekommunikasiýalar we aragatnaşyk hyzmatlary, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagat, saglygy goraýyş we daşky gurşawy goraýyş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmagyň ýollary hakynda gürrüň berýär.

Wideoroliklerde Türkmenistanda çykarylýan azyk hem-de hojalyk harytlarynyň, dokma, mebel, elektron enjamlaryň we döwrebap durmuş tehnikalarynyň dürli görnüşleri görkezilýär.Sergä gatnaşyjylar ylym-bilim, medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda gazanylanlar bilen tanyşdyrylýar.

Sergi Diýarymyzyň işewür toparlarynyň öndürýän, halkara hil ölçeglerine kybap gelýän dürli önümleri, artýan eksport kuwwaty bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.Halkara serginiň mowzuklaýyn bölümleri Türkmenistanyň daşary döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny açyp görkezýär.

Forumyň her bir güni milli ykdysadyýetimiziň ulgamlarynyň birine bagyşlanýar. Şu gün üns merkezinde — söwda toplumy we telekeçilik bolup, bu ulgamlara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň esasy hereketlendirijileriniň biri hökmünde aýratyn üns berýär.

Söwda asyrlaryň dowamynda ösüşi üpjün edýän usullaryň biri boldy. Özi-de söwda ýollary, şol sanda Beýik Ýüpek ýoly döwletleriň arasynda ykdysady hem-de medeni gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, oýlap tapyşlary we innowasiýalary ýaýratmagyň şertleri bolup hyzmat etdi.

Munuň özi bu pudagyň häzirki ösüşinde hem öz beýanyny tapýar.Diýarymyzyň söwda ulgamynyň sazlaşykly ösüşi milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygy, daşary söwda dolanyşygynyň we maýa goýumlaryň artmagy, import önümleriniň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleriň döredilmegi, ýurdumyzda häzirki zaman söwda merkezleriniň açylmagy bilen tassyklanylýar.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, onuň garamagyndaky kärhanalaryň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň diwarlyklarynda görkezilýän wideorolikler önümleriň hem-de hödürlenilýän hyzmatlaryň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrýar.Häzirki döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ulgamy goldamak we kämilleşdirmek syýasaty yzygiderli amala aşyrylýar.

Türkmenistan häzir öz önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmak üçin zerur bolan gymmatly tejribäni toplaýar.Daşary ýurtlaryň birnäçesinde söwda öýleri açylyp, birnäçe döwletlerde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öz wekilhanalary döredildi.

Bu bolsa, öz nobatynda, içerki hem-de daşarky bazarlarda söwdany guramaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinden bolan aýry-aýry telekeçileriň ýola düşen önümçilikleri işe döwrebap çemeleşmäniň — öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, önümçiligiň umumy möçberine ýerli çig maly çekmegiň, täze önümçilik kuwwatlyklaryny ornaşdyrmagyň aýdyň mysaly bolup biler.

Serginiň çäklerinde Söwda-senagat edarasynyň uly zalynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ygtybarly binýady” atly maslahat geçirildi.

Edilen çykyşlarda dürli meseleler gozgaldy.Diýarymyzyň daşary söwda işiniň strategiýasy, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hem-de daşary ýurtly maýadarlar üçin giňelýän mümkinçilikler, elektron söwdany guramagyň hasabyna ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň hem-de hyzmatlar ulgamynyň işini kämilleşdirmek we beýleki meseleler maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.

Bölümler boýunça geçirilen mejlisleriň çäklerinde türkmen harytlaryny dünýä bazaryna çykarmaga, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam edýän guramalaryň işine bagyşlanan habarlar beýan edildi. Şolaryň hatarynda “GS1” bitewi ölçegleri döretmek we ornaşdyrmak boýunça halkara düzümiň doly hukukly agzasy bolan ştrih-kodlar boýunça milli gurama, eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan baş döwlet edarasynyň wezipesini ýerine ýetirýän Döwlet haryt-çig mal biržasy bar.

Aýratyn çykyş halkara tejribede ulanylýan döwrebap gurallaryň bank ulgamyna ornaşdyrylmagyna, nagt däl hasaplaşyklar we hyzmatlar ulgamyny giňeltmäge bagyşlanyldy. Çykyş edenler Bitaraplyk ýörelgeleriniň, BMG-niň Tertipnamasyna we halkara hukuk namalaryna ygrarlylygyň, Türkmenistanyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň halkara hyzmatdaşlykda öz beýanyny tapýandygyny, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dünýäniň hojalyk ulgamyna goşulyşmak işini işjeňleşdirmäge ýardam edýändigini nygtadylar.

Soňra sergi zalynyň ýörite meýdançasynda “ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun eýeleýän türkmen halysy milli guwanjymyzdyr” atly tanyşdyrylyş çäresi boldy. Çäre “Türkmenhaly” döwlet birleşigi tarapyndan guraldy.Türkmen halysy halkymyzyň milli buýsanjy bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa öz kitaplarynda we makalalarynda ençeme sahypalary bagyşlady.

Türkmen halysy ýurdumyzyň milli nyşany bolup, dünýä derejesinde ykrar edildi hem-de türkmenleriň adamzat siwilizasiýasynyň genji-hazynasyna goşan özboluşly goşandydyr.Geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Bogota şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisinde däbe öwrülen türkmen halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň hödürnamasy Baha beriş toparynyň wekilleri tarapyndan biragyzdan makullanyldy.Munuň özi tutuş adamzada ösen medeniýetiň nusgalaryny peşgeş eden we häzir umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň dabaralanmagy ugrunda çykyş edýän ýurdumyzyň halkara abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

Tanyşdyrylyş çäresiniň maksady baý taryhy bolan, däbe öwrülen türkmen halyçylyk sungatyna ýene-de bir gezek üns bermekden ybarat boldy.Türkmen halysyny bolsa dünýäniň meşhur muzeýlerinde hem-de sungat muşdaklarynyň öýlerinde görmek bolýar.

Gadymy döwürde bolşy ýaly, haly häzir hem eksportyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen “Janly rowaýat” hem-de “Arşyň nepisligi” atly baý mazmunly hem-de owadan bezelen eserleri türkmen halysynyň we ony dokaýanlaryň senasyna öwrüldi. Şol kitaplar okyjylara türkmen halysynyň nusgalarynyň hem-de nyşanlarynyň çäksiz dünýäsini, halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornuny açyp, halylary we haly önümlerini dokamagyň usullary, bezeg ýörelgeleri hem-de tärleri, milli sungat we edebiýat bilen arabaglanyşygy barada gürrüň berýär. Şeýle hem milli Liderimiziň işlerinde arheologiýa hem-de etnografiýa barlaglarynyň maglumatlary, taryhy ýyl ýazgylaryndan hem-de geçen asyrlaryň ýazuw çeşmelerinden gyzykly maglumatlar getirilýär.

Dokma senagaty ministrligi hem-de TSTB, şeýle hem “Asman” we “Mähirli zenan” modalar öýleri bilelikde täze tikin önümleriniň görkezilişini guradylar.Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynyň kiçi mejlisler zalynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly “tegelek stol” görnüşinde maslahat geçirildi.

Syýahatçylyk işi — telekeçilik işi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle çemeleşmäni öňe sürüp we esaslandyryp, syýahatçylyga bazar gatnaşyklarynyň esasynda netijeli ösýän milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly ulgamy hökmünde garaýar.Mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, syýahatçylyk ulgamyna işewürleriň işjeň çekilmegi syýahatçylyk hyzmatlarynyň eksportynyň artmagyna hem-de bu ulgamyň dolandyrylyşyny we sanlylaşdyrmagy ösdürmäge ýardam edip, ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge kuwwatly itergi berer. Şunda halkara bileleşigiň ýurdumyzyň ähli syýahatçylyk desgalary we ugurlary baradaky maglumatlara giň elýeterliligi üpjün ediler.

Mejlise gatnaşyjylar dünýäni gurşap alan ýiti ýokanç keseliň pandemiýasy şertlerinde bu ulgamy ösdürmek bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.Forumyň birinji gününiň çäreler tapgyry TSTB-niň agzalarynyň önümleriniň we täze taslamalarynyň mahabat-tanyşdyryş çäresi bilen tamamlandy.

Birnäçe ylalaşyklara gol çekilmegi bu çäräniň jemlenmesine öwrüldi. 12-nji dekabra çenli her gün Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkeziniň meýdançasynda mowzuklaýyn çäreler, şol sanda ýurdumyzyň obasenagat, ýangyç-energetika toplumlaryny, gurluşyk we senagat, ulag hem-de aragatnaşyk, ylym we bilim, medeniýet, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryny, ykdysadyýet we bank işini ösdürmäge, milli kanunçylyk binýadyny, daşary syýasat edarasynyň işini kämilleşdirmek, Diýarymyzyň welaýatlaryny ösdürmek boýunça işlere bagyşlanan çäreler geçiriler. Çäreleriň hatarynda wideoaragatnaşyk görnüşindäki ylmy-amaly maslahatlar, ýygnaklar, duşuşyklar, “tegelek stollar”, işewür duşuşyklar bar, şolaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Türkmen bazarynda üstünlikli işleýän hem-de uzak möhletleýin esasda işewür gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän ýurdumyzyň geljekki hyzmatdaşlary onlaýn görnüşde öz tekliplerini beýan ederler.Maslahatlara hem-de “tegelek stollaryň” mejlislerine gatnaşyjylar geljegi uly taslamalar, şol sanda “akylly şäher” taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. “Sanly çözgütler — 2020” atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň netijeleri jemlener.

Sanly.tm täze milli elektron poçtasy hem-de “tmchat” programmasynyň menejeri bilen tanyşdyryş çäresi, “Türkmen sähra — 2020” hem-de Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň ylmy işleriniň wirtual sergisi guralar.Sergä gatnaşyjylar we onuň myhmanlary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň şanyna çykarylan täze neşirler bilen hem tanşyp bilerler.

Serginiň ýapylyş dabarasy 12-nji dekabrda — tutuş dünýäde Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilýän gününde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrleri iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Aşgabadyň haýwanat bagynda tomus möwsümi dowam edýär, Onlaýn taksi mobil goşundysynyň ulanyjylary 15 müňden geçdi, Türkmenistan ýylyň başyndan bäri 78 000 tonna pomidor eksport etdi we beýleki habarlar
Mähirli Zenan dükanynda baýramçylyk arzanladyşlary dowam edýär
VI Hazar sammitiniň geçiriljek senesi we ýeri mälim edildi, Maryda Medeniýet hepdeligi açyldy, basketbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy basketboluň 3x3 görnüşi boýunça Aziýanyň Kubogy ugrundaky çempionata gatnaşar we beýleki habarlar
Aşgabadyň Mähirli Zenan gözellik salony iş orunlary hakynda habar berýär
DOST DOGANLYK NYŞANY
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY