Mähirli Zenan dükanynda baýramçylyk arzanladyşlary dowam edýär

Mähirli Zenan dükanynda baýramçylyk arzanladyşlary dowam edýär

Mähirli Zenan modalar öýi türkmen milli egin-eşiklerine arzanladyş döwrüniň dowam edýändigini ýatladýar. Gurban baýramy mynasybetli 12-nji iýula çenli müşderiler dükandan islendik harytlary 30% arzan bahadan alyp bilerler.

Mähirli Zenan gelin-gyzlar hem-de çagalar üçin dürli görnüşlerdäki egin-eşikleri taýýarlaýar. Dükanda müşderilere ýetirilýän eşikleriň tapawutly aýratynlygy olaryň tikilişinde döwrebap bezegler bilen türkmen milli nagyşlarynyň sazlaşykly utgaşdyrylýanlygydyr. Modalar öýüniň egin-eşikleri ýüpek hem-de mahmal matalardan taýýarlanylyp, ajaýyp keşdeler we beýleki häzirki zaman nagyşlary bilen bezelýär.

Müşderiler bu ýokary hilli we amatly bahalardan ýetirilýän egin-eşik görnüşleri bilen Mähirli Zenan modalar öýüniň Bagtyýarlyk söwda we dynç alyş merkeziniň 1-nji gatynda ýerleşýän dükanyndan tanşyp bilerler.

Ýene degişli makalalar

“Mähirli Zenan” modalar öýi arzanladyşlaryň 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli uzaldylýandygyny mälim edýär
Mähirli Zenan gözelligiň muşdaklaryny TSSE-de geçýän sergidäki moda görkezilişine çagyrýar
Mähirli gutlag
VI Hazar sammitiniň geçiriljek senesi we ýeri mälim edildi, Maryda Medeniýet hepdeligi açyldy, basketbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy basketboluň 3x3 görnüşi boýunça Aziýanyň Kubogy ugrundaky çempionata gatnaşar we beýleki habarlar
Aşgabadyň Mähirli Zenan gözellik salony iş orunlary hakynda habar berýär
DOST DOGANLYK NYŞANY