DOST DOGANLYK NYŞANY

DOST  DOGANLYK NYŞANY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn we hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilýän we geçiriljek täzelikler, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň taryhyna ýazyljak her bir sahypasy bizi şöhratlandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, biziň Türkmenistan döwletimiz beýleki döwletler bilen abraýly, dost-doganlykly, parahatçylykly, köptaraplaýyn, hyzmatdaşlyk gatnaşyklary alyp barmagy ýurdumyzyň ykdysady-syýasy, ylym-bilimi ýokarlandyrmagy ilkinji nobatda döwlet içinde alnyp barylýan ynamly gatnaşyklaryň pugtalanmagynyň aýdyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy ýurdumyzyň Bitaraplyk we hukuk derejesi laýyklykda üstünlikli alnyp barylmagy beýleki döwletler bilen gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlamentara guramalaryň we assambleýalaryň işine gatnaşmak babatynda durmuşa geçirilýär.Ilkinji gezek 1995-nji ýylda 185 döwletiň bir agyzdan ses bermegi netijesinde ýurdumyz Baky Bitaraplygyna mynasyp boldy, bu bolsa goňşy döwletler bilen alnyp barylýan gatnaşyklaryň günsaýyn artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem 2015-nji ýylda 193 döwletiň bir agyzdan ses bermeginde 2-nji gezek “Bitarap Türkmenistan” ady gazanyldy, bu bolsa diýarymyzda ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi.

Belli bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji maýynda Aşgabat Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi.Türkmenistanyň “Söwda-senagat edarasynda” Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, ýurdumyzda alnyp barylýan syýasy we ykdysady pudaklary bolan “Nusga”, “Mähirli zenan”, “Nur ýüpek”, “Üç dogan öýmeleri” we beýleki önümçilik kärhanalarynyň gatnaşmagynda zenanlarymyzyň hormatyna “Merkezi Aziýa - Russiýa Federasiýasy” görnüşinde ýurdumyzda ilkinji gezek 13-nji maýynda zenanlaryň dialogyna bagyşlanyp sergi gurnaldy.

Bu sergide zenanlarymyzyň gözelligini, başarnyklaryny görkezmek, waspyny ýetirmekde ussatlyk bilen ýerine ýetirilen şekillendiriş sungatymyzyň dürli ugurlarynda ýazylan eserlerini görmek bolýar.Her bir döredilen eserlerde bahar paslyny ýada salýan ajaýyp türkmen gelin-gyzlaryň keşplerini, nepislik bilen biziň ussat halypa suratkeşlerimiz ýerine ýetiripdirler.

Nakgaşçylyk we grafika eserlerinde zenanlaryň gözel keşbi sahnalaşdyrylmagy bilen özünde çuň bir many saklaýar.Bu sergide zergärçilik sungatynda gelin-gyzlarymyzyň dakynýan ajaýyp şaý-seplerini, gelin-gyzlaryň uz barmaklaryndan çykan haly we haly önümlerini görmek bolýar.

Munuň bilen birlikde täze döwrebap ýerine ýetirilen şekilli halylary synlamak bolýar.Bu serginiň ýokary derejede guralmagynyň özi hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz zenanlaryň hukuklaryny artdyrmakda uly işleri alyp barmagynda, eziz Watanymyzda türkmen zenanlarymyza, ene-mamalarymyza hormat sylagynyň beýikligini äşgär edýär.

Arkadagly Serdarymyzyň işlerinde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!Bahar MAGTYMOWA

Ýene degişli makalalar

Mähirli gutlag
VI Hazar sammitiniň geçiriljek senesi we ýeri mälim edildi, Maryda Medeniýet hepdeligi açyldy, basketbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy basketboluň 3x3 görnüşi boýunça Aziýanyň Kubogy ugrundaky çempionata gatnaşar we beýleki habarlar
Aşgabadyň Mähirli Zenan gözellik salony iş orunlary hakynda habar berýär
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY
TÜRKMENISTANYŇ WE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKI TARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSÜŞ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Türkmenistanyň we BAE-niň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar