Aşgabatda uçar biletleriniň gytçylygy saklanýar

Aşgabatda uçar biletleriniň gytçylygy saklanýar

Türkmenistanda uçar biletleriniň gytçylygy saklanýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, uçar biletlerini satýan edaralarda öňümizdäki birnäçe aý üçin bilet ýok.

"Ýene iki aýdan diýip aýdýarlar. Ýene-de berýän habarlary, şol reýsiň uçjak güni aeroporta baryň, belki-de barmadyk ýolagçylar, gijä galanlar bolmagy mümkin. Ýa-da bolmasa, her reýsde dört orun ýörite bron edilýär, Ministrler Kabinetiniň iki ýeri, Milli howpsuzlyk ministrliginiň we Içeri işler ministrliginiň bir ýeri bar. Şol dört ýer belki boş bolar, satarlar diýip jogap berýärler, smena başlygy ýa-da sorag-jogap býurosy" diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýene bir korrespondentiniň Aşgabatdan habar bermegine görä, şu günler Moskwa we Minske barýan uçarlara biletler dekabra çenli satuwda ýok.

Bu ýagdaýda türkmenistanlylar has irki senelere bilet satyn almak üçin dürli ýollary gözlemeli bolýarlar. Has giň ýaýran usullaryň arasynda araçylaryň hyzmatyndan peýdalanyp, bilet satyn almak ýa-da kassirlere para bermek has netijeli bolmagyna galýar.

"Araçy gözleýärler. Kassirlerden ýuwaşlyk bilen göni soraýarlar" diýip, habarçymyz belledi.

Onuň sözlerine görä, "goşmaça" berilýän puluň möçberi gitdigiçe artýar we häzirki wagtda paranyň möçberi 1500-2000 manada ýetýär:

- Möçberini aýdýarlar. Hatda aeroportyň işgärleri-de häzir biletleri resmi bahadan satyn alyp bilmeýärler. Olam akyla sygmajak bir derejä çykdy. Moskwa - 3200, Minske - 3000 manat. Üstesine, häzir biletler ýok diýlende, uçarda boş ýerleriň bolýan wagty bolýar.

Türkmenistanda uçar biletlerini diňe nagt pula satyn alyp bolýar. Töleg kassalardan amala aşyrylýar, onlaýn ýa-da bank kartasy bilen töleg edip bolmaýar.

Ýurtda uçar biletleriniň gytçylygy ýyllarboýy saklanýar. Bilet gytçylygy ýurduň içerki reýslerinde, şeýle-de demirýol transportynda ýüze çykýar.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurtda biletleriň onlaýn satuwyny ýola goýmak mümkinçiliklerini öwrenýärler. Türkmen hökümeti bu hyzmaty işletmek niýetini 2011-nji ýylyň fewral aýynda mälim edipdi. Şondan bäri bu teklibe döwlet baştutany tarapyndan goldaw bildirildi.

Edil häzirki wagtda "Türkmenhowaýollary" milli kompaniýanyň websaýtynda onlaýn bilet söwdasy üçin mümkinçilik göz öňünde tutulýar, emma iş ýüzünde hyzmat henize çenli elýeterli däl.

Türkmenistandan daşary ýurtlara uçýan uçarlara biletler ilkinji nobatda, ýurduň daşynda bilim alýan studentleriň, başga döwletlere gazanjyň gözleginde we saglygyny bejertmek üçin barýan raýatlaryň arasynda talap edilýär. Türkmenistanlylaryň iň köp barýan ýurtlarynyň arasynda Türkiýe, Orsýet, GDA ýurtlary we Hindistan.

Häzirki wagtda Hindistanyň we Pakistanyň arasyndaky konfliktiň güýçlenmeginiň netijesinde ýurtlaryň öz howa giňişliginden uçar gatnawyny çäklendirmegi sebäpli, hususan-da Aşgabatdan Hindistanyň Amritsýar şäherine barýan uçarlaryň ugry üýtgedildi. Bu barada "Türkmenhowaýollary" 27-nji fewralda Twitter arkaly habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Bilet gytçylygynyň arasynda türkmen raýatlary Russiýa Özbegistanyň üsti bilen aşýarlar
Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň ýaşaýan ýerini tassyklatmak meselesi agyrlaşdy
Türkmenistanda daşary ýurda gitmek isleýänler hilegärleriň duzagyna düşýär
Mewlüt Çawuşogly: "Araçylyk teklip eder ýaly sen kim"
Mewlüt Çawuşogly: "Araçylyk teklip eder ýaly sen kim"
Ibrahim Kalyn Emmanuel Makrona jogap berdi
Ibrahim Kalyn: "Araçylyk ýaly gelşiksiz çemeleşmeleri ret edýäris" diýdi