Bilet gytçylygynyň arasynda türkmen raýatlary Russiýa Özbegistanyň üsti bilen aşýarlar

Bilet gytçylygynyň arasynda türkmen raýatlary Russiýa Özbegistanyň üsti bilen aşýarlar

Türkmenistanyň Moskwa göni uçar gatnawlaryny ýatyrmagy Russiýa gitmekçi bolýanlara, esasan hem tomusky dynç alşyndan soň okuwyny dowam etdirmeli studentlere uly transport we maliýe kynçylyklaryny döretdi.

“Men soňky bir aýdan bäri Russiýa bilet satyn aljak bolup Aşgabada iki gezek gatnap, oňaýly netije alyp bilmedim. Awiakassalarda biletleriň elýeterli möhlete çenli satylyp gutarandygyny aýdýarlar we özümiň habar tutup durmagymy maslahat berýärler. Meniň ýene birnäçe hepdeden Moskwadaky uniwersitetleriň birinde okuwym başlanmalydy” diýip, türkmenabatly 20 ýaşlaryndaky bir talyp gyz gürrüň berdi.

Habarçymyzyň söhbetdeşiniň “Türkmenistan howaýollarynyň” kassalarynda Russiýa ugry boýunça biletleriň tapdyrmaýandygy baradaky gürrüňi, şu aýyň başynda türkmen awiakompaniýasynyň Aşgabat - Moskwa aralygynda iki tarapa uçuşlaryny togtatmagy bilen bagly.

1-nji awgustdan başlap güýje giren bu kararyň sebäbi “uçuş howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen” bilen düşündirildi. Bu Ukraina garşy esassyz urşy alyp barýan Russiýanyň paýtagtynda pilotsyz uçarlaryň eden hüjümleriniň yz ýanyna hem gabat geldi.

Şondan bäri "Türkmenistan" awiakompaniýasy Russiýa edýän uçar gatnawlaryny Aşgabat - Kazan - Aşgabat ugry boýunça amala aşyryp başlady.

Munuň netijesinde, gysga wagtyň içide Kazana biletleriň hem ýiti gytçylygy döredi. Habarçylarymyz Aşgabadyň awiakassalarynda biletleriň oktýabra çenli satylyp gutarandygyny aýdýarlar.

Russiýa türkmen raýatlarynyň okamak, pul gazanmak we saglygyny bejertmek üçin iň köp saýlaýan ýurtlarynyň biridir.

Aşgabadyň geçen ýylyň sentýabrynda Ankara ýüz tutup, öz raýatlary üçin 30 günlük wizasyz syýahat düzgüniniň ýatyrylmagyny gazanmagyndan soň, zähmet migrantlarynyň köpüsi Türkiýäniň ornuna, has köp Russiýany saýlap başladylar.

Şol bir wagtda, biletleriň gytçylygy mümkin korrupsiýa, parahorlyk ýagdaýlaryna hem ýol açýar.

“Aşgabada ikinji sapar gelenimde, goşmaça tölege Kazana bilet tapyp berýän araçyny maslahat berdiler.Ol 13 müň manat bersem, bilet tapyp bermegi wada berdi.Men dessine Türkmenabada aşyp, puluň ýetmeýän bölegini karz alyp, şol günüň özünde Aşgabada ugradym.

Emma araçy indi bahanyň 16 müňe çykandygyny aýtdy.Meniň enem-atamyň bilelikdäki aýlyk zähmet haky 5 müň manada ýetmeýär.Araçynyň soran mukdaryndaky puluny tapyp bilmedim” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi başdan geçiren ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Ol bu ýagdaýlarda özi ýaly studentleriň, galyberse-de ykdysady krizis sebäpli has gowy durmuş umydynda daşary ýurtlara gitmekçi bolýan beýleki raýatlaryň hem, Özbegistanyň üsti bilen üçünji ýurtlara aşýandyklaryny aýtdy.

“Men Özbegistana bir aýlyk wiza açdyrmak üçin syýahatçylyk agentligine ýüz tutdum. Umumy hasapda 105 dollar çykardym. Wizany 10 günüň içinde taýýarlap berýärler. Indi golaýda Daşkende, ondan aňry hem Moskwa aşmaly. Ozal bu ýoly geçenler özbek paýtagtyna çenli ýol harajatlarynyň 50 dollara golaýlaýandygyny aýdýarlar. Nädende-de, bu soralan 16 müň manat paradan az çykdajy bolýar” diýip, söhbetdeşimiz belledi.

Türkmenistanyň Baş kanunynda raýatlaryň söz azatlygy we hereket erkinligi kepillendirilýär. Şol bir wagtda, adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini ýurtda adam hukuklaryny çynlakaý bozmakda, özge pikirli adamlara basyş etmekde yzygiderli tankyt edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen raýatlary türk wizasyny almak üçin geljekde şikaýat emejegine kepil geçmeli
Türkmenistanda daşary ýurda gitmek isleýänler hilegärleriň duzagyna düşýär
Mewlüt Çawuşogly: "Araçylyk teklip eder ýaly sen kim"
Mewlüt Çawuşogly: "Araçylyk teklip eder ýaly sen kim"
Ibrahim Kalyn Emmanuel Makrona jogap berdi
Ibrahim Kalyn: "Araçylyk ýaly gelşiksiz çemeleşmeleri ret edýäris" diýdi