Türkmen raýatlary türk wizasyny almak üçin geljekde şikaýat emejegine kepil geçmeli

Türkmen raýatlary türk wizasyny almak üçin geljekde şikaýat emejegine kepil geçmeli

Türkiýä gitmek üçin wiza almak isleýän türkmen raýatlaryndan edilýän talaplar ýene-de artdy. Indi wiza almak üçin raýatlar ýurtdan çykan wagtynda kynçylyk dörese şikaýat etmejegini öňünden tassykmaly edildi. Täze talap barada adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" 17-nji aprelde habar çap etdi.

Türkmenistanda türk wizasyny almak üçin zerur resminamalaryň sanawyna goşulan ýene bir dokumente gol çekip, ýurduň raýatlary Aşgabadyň halkara aeroportunda migrasiýa gullugy tarapyndan saklanyp, ýurduň daşyna goýberilmedik ýagdaýynda häkimiýetlerden hiç hili şikaýat etmejegini tassyklaýarlar.

Adam hukuklaryny goraýjy gurama ýaňy-ýakynda Aşgabatdan Türkiýä baran bir türkmen raýatynyň ýagdaýyny beýan etdi we onuň gitmezden ozal wiza merkezine baranda birnäçe otaga girip-çykmaly bolandygyny aýdyp, muny “keselhanadaky lukmançylyk barlagyna” mahsus ýagdaýa meňzetdi we otaglaryň her birinde baranyň jikme-jik jogap bermeli bolandygyny aýtdy.

"Iň soňky otagda, penjireden öňünden doldurylan kagyzy berip, gol çekdirýärler. Onuň mazmuny şeýleräk: "Men, adym-familiýam, baran ýurdumda Türkmenistanyň mertebesine zyýan ýetirjek çärelere gatnaşmajakdygyma, şol ýurduň kanunlaryny bozmajagyma söz berýärin. Halkara howa menzilinde migrasiýa gullugy tarapyndan saklanan halatynda häkimiýetlere garşy hiç hili talap bildirmerin we çäre görmerin" diýlip, THF-nyň maglumatynda türkmen raýaty sitirlenýär.

Adam hukuklaryny goraýjy gurama, kagyzda pasportdaky maglumatlaryň bolmalydygyny we oňa gol çekmelidigini habar berýär we gol goýup, adamyň geljekde öz hukuklaryny goramak mümkinçiliginden meýletin mahrum bolýandygyny belleýär.

Türkiýe 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini girizdi.

Şondan bäri Türkiýä gitmek üçin wiza almak isleýän Türkmenistanyň raýatlaryndan edilýän talaplaryň sanawy yzygiderli täzelenýär.Diňe şu ýylyň başyndan bäri türk wizasyny almak üçin türkmen raýatlaryndan öz watanyna gaýdyp geljekdigini kepillendirýän resminamalar, şeýle hem oppozision pikirli watandaşlary we aktiwistler bilen aragatnaşykda bolmajagy barada kepil haty talap edildi.

Syýahatdan gaýdyp geljekdigini tassyklaýan kepilnamalar goňşy Gazagystana gitjek bolýan türkmen raýatlaryndan hem talap edilip başlandy.

Wiza çäklendirmeleriniň arasynda ýurtda araçylyk hyzmatlary gülläp ösýär.Hususan-da, araçylar daşary ýurt wizalaryny almaga we halkara uçuşlara bilet satyn almaga kömek edýärler.Hususan-da, araçylar Gazana we Dubaýa gazanç üçin gitmek isleýänlere 1200 amerikan dollar tölense üç aýlyk wiza we uçar biletlerini 10 günüň içinde öýlerine eltip berýärler.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary mart aýynyň ahyrynda maglumat berdiler.Araçylaryň wizany nädip alýandyklaryny anyklap bolmady.

Raýatlaryň ýurtdan çykmagyna päsgel berýän ýene bir mesele, pasport almak kynçylygy bilen bagly. Pasport üçin dokumentleriň tabşyrylmagyna uly nobatlar saklanýar, pasportlaryň taýýarlanmagy gijikdirilýär, pasport almak üçin onlaýn registrasiýa togtadylýar.

Dokumentleri almakdaky kynçylyklara garamazdan, Türkmenistandan migrasiýa akymy ýokary bolmagynda galýar. Işsizlik we korrupsiýa köpleri gazanç üçin ýurtdan çykmagyň ýollaryny gözlemäge mejbur edýär. Wiza düzgüniniň girizilendigine garamazdan, Türkiýe henizem Türkmenistanyň raýatlary üçin iň meşhur ýurtlaryň biri bolmagyna galýar. Şeýle-de, türkmen raýatlary zähmet migrasiýasy üçin Russiýany we Birleşen Arap Emirliklerini köp saýlaýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

THF: Türkiýäniň deportasiýa merkezinde türkmen raýatlarynyň ençemesi ýenjildi
Türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmak üçin pasport we wiza almak şertleri kynlaşýar
Bilet gytçylygynyň arasynda türkmen raýatlary Russiýa Özbegistanyň üsti bilen aşýarlar
Türkmen migrantlary türk deportasiýa merkezinde ýene ýenjildi
Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly
Onlarça türkmen raýaty, şol sanda hökümeti tankytlan Durdylyýew Türkiýeden deportasiýa edildi