Aşgabatda ýapon medeniýetiniň günleri geçirildi

Aşgabatda ýapon medeniýetiniň günleri geçirildi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ýaponiýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda türkmen-ýapon diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýapon medeniýetiniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Iki gün dowam eden dabaranyň ilkinji güni paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin Aşgabat kinotetrynda ýapon filmleriniň görkezilişi boldy. Bu ýerde myhmanlar Batyr kaka ulgamda: Final Fantasy XIV hakynda taryhymyz bilen Şu tomsuň filmi ýaly filmlere tomaşa etdiler.

Dabaralaryň ikinji güni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu ýerde ýapon medeniýetinden söz açýan milli tagamlar suşidir sado çaýynyň, ýapon lybasly bolan kinomolaryň, şeýle-de origami sungatynyň, ýapon tehnologiýalarynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Ýaponiýadan gelen sungat işgärleri Matsumoto Baýşonyň, Matsumoto Ýoşikanyň hem-de Uýeda Çihonyň ýerine ýetirmeginde ýapon halk aýdymdyr sazlary ýerine ýetirildi.

Ýene degişli makalalar

Suwda ýaşasa-da ýüzüp bilmeýän jandar
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde Hoş geldiň, Täze ýyl, salam, Täze ýyl atly baýramçylyk konserti geçirildi
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde Hoş geldiň, Täze ýyl, salam, Täze ýyl atly konserti geçirildi
Ýylyň garaşylýan “PlayStation” oýunlary
“Fantasia” mýuzikal animasiýa filmi görkezildi
2023-nji ýylyň iň gowy wideooýunlary saýlandy