2023-nji ýylyň iň gowy wideooýunlary saýlandy

2023-nji ýylyň iň gowy wideooýunlary saýlandy

8-nji dekabrda Los-Anjeles şäherinde The Game Awards 2023 baýragynyň gowşurylyşy boldy, eminler topary ýylyň esasy wideooýny hökmünde Belgiýanyň Larian studiýasynyň nusgawy RPG žanryndaky Baldur's Gate 3 oýnuny saýlady.

Bu barada DTF neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Baldur's Gate 3 oýny şeýle-de Toparyň iň oňat goldawy, Iň oňat RPG, Iň oňat multipleýer, Iň oňat aktýorlyk oýny we Oýunçylaryň sesi ugurlary boýunça heýkeljiklere mynasyp boldy.

Beýleki ugurlarda ýeňijiler şu wideooýunlar boldy:

Iň oňat başdan geçirmeler ekşeni The Legend of Zelda: Tears of The Kingdom, Iň oňat ekşen Armored Core VI: Fires of Rubicon, Iň oňat maşgala oýny Super Mario Bros.

Wonder, Iň oňat simulýator ýa-da strategiýa Pikmin 4, Iň oňat sport ýa-da ýaryş oýny Forza Motorsport, Iň oňat mobil oýun Honkai: Star Rail, Iň oňat VR/AR-oýun Resident Evil Village VR Mode we Iň garaşylýan oýun Final Fantasy VII Rebirth.

Ýene degişli makalalar

“Google”-de iň köp gözlenen filmler hem-de seriallar
Ýylyň garaşylýan “PlayStation” oýunlary
Mobil oýunlarda “Subway Surfers” hemişe öňde
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýangyna çydamly
Ekspert: Rohde & Schwarzyň gurallary Türkmenistanda Interneti yzarlamaga mümkinçilik döredýär