“Google”-de iň köp gözlenen filmler hem-de seriallar

Tamamlanyp barýan 2020-nji ýylda “google” internet gözleg ulgamynda iň köp gözlenen filmdir seriallaryň sanawy mälim edildi. Şoňa görä, 92-nji Oskar dabarasynda baş baýragy eýelän koreý kinosy “Mugthorlar” filmi iň köp gözlenen ekran eseri boldy. Şeýle-de oskarly režissýor Sem Mendesiň “1917” atly filmi bu ugurda 2-nji ýeri eýeledi.

Awgust aýynda 43 ýaşynda aradan çykan Çadwik Bouzmanyň baş keşpde surata düşen “Gara Pantera” filmi sanawda 2-nji orna mynasyp boldy.Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary ýada salýan 2011-nji ýylda ekranlaşdyrylan “Pandemiýa” filmi-de ýylyň iň köp gözlenen kinolaryň hatarynda öňdäki orny eýeledi.

Iň köp gözlenen seriallaryň arasynda “Şa gaplaň”, “Kobra Kai”, “Ozark” teleseriallary öňdäki 3 orny eýeleýär. Oktýabr aýynda “Netflix”-de ýaýlyma goýberilen “Şazenanyň göçümi” atly gysga göwrümli serialy-da ilkinji onluga girmegi başardy. Şowly çykan bu seriala tomaşaçylar hem-de bilermenler ýokary baha berýär.

2020-nji ýylda “Google”-da iň köp gözlenen filmler

“Mugthorlar” (Parasite)

“1917” (1917)

“Gara Pantera” (Black Panther)

“Harli Kuinn: aw guşlary” (Harley Quinn: Birds of Prey)

“Kiçi zenanlar” (Little Women)

“Diňe, günämi geç” (Just Mercy)

“Ýaramaz oglanlar 3” (Bad Boys 3)

“Kirpi Sonik” (Sonic the Hedgehog)

“Pandemiýa” (Contagion)

“Fantaziýa adasy” (Fantasy Island)

2020-nji ýylda “Google”-da iň köp gözlenen seriallar:

“Şa gaplaň” (Tiger King)

“Kobra Kai” (Cobra Kai)

“Ozark” (Ozark

“Saýawan akademiýasy” (The Umbrella Academy)

“Şazenanynyň göçümi” (The Queen’s Gambit)

“Hemme ýerde alaw bar (Little Fires Everywhere)

“Daşky saý ýer” (Outer Banks)

“Retçed” (Ratched)

“Ähli amerikalylar” (All American)

“Soňky tans” (The Last Dance)

The post “Google”-de iň köp gözlenen filmler hem-de seriallar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýylyň iň gowy wideooýunlary saýlandy
Ýylyň garaşylýan “PlayStation” oýunlary
Mobil oýunlarda “Subway Surfers” hemişe öňde
Artistler ýylyň iň gowy aktýor we aktrisalaryny saýlaýar
Sungat habarlary
Aşgabatda Mosartyň, Listiň we Belliniň eserleri ýaňlandy