Mobil oýunlarda “Subway Surfers” hemişe öňde

“Sensor Tower” şereketi her aý dünýäde iň köp göçürilip alnan oýunlaryň sanawyny taýýarlaýar.Awgust aýynda iň köp göçürilip alnan mobil oýunlaryň sanawynda bolsa, birnäçe ýyl ozal çykarylan oýun birinji ýeri eýeleýär.

Dünýäniň dürli şäherlerindäki metrolarda çagalaryň “başdangeçirmesi” bolan “Subway Surfers” oýnuny uludan-kiçä hemmeler halaýar.Sanawda “PUBG Mobile”-yň meşhurlygyny ýitirip başlandygyny görmek bolýar. “Garena Free Fire” bolsa ýokary basgançaklara çykypdyr.

“App Store” we “Google Play Store” bilelikde hasaplananda, “Subway Surfers”, “Stumble Guys”, “Garena Free Fire”, “GT Car Stunt Master 3D”, “Candy Crush Saga”, “Ludo King”, “Roblox” Save the Doge”, “School Party Craft” we “Snow Race” oýunlary ilkinji onluga giripdir.

“App Store” mobil dükanynda bolsa sanaw şeýle bolupdyr: “Subway Surfers”, “Stumble Guys”, “Survivor!.io”, “Roblox”, “Fishdom”, “Tower of Fantasy”, “PUBG Mobile”, “Honor of Kings”, “Call of Duty: Mobile” we “Candy Crush Saga”.

“Google Play Store” dükanynda “Subway Surfers”, “Stumble Guys”, “Garena Free Fire”, “GT Car Stunt Master 3D”, “Ludo King”, “Candy Crush Saga”, “Save the Doge”, “School Party Craft”, “Snow Race” we “Roblox” ilkinji onlukda özüne orun tapypdyr.

Sanawlarda görlüşi ýaly, “Subway Surfers” iki amaly ulgamda hem öňdeligi eýeleýär.Yzygiderli täze nusgalary çykýan mobil oýun başga oýunlar peýda bolandygyna garamazdan, bu sanawda köplenç birinji bolýar.

Ýene degişli makalalar

Türk Goranyş Firmalary IDEAS-2024-e Gatnaşýar
Boeing 2 Müňden Gowrak Işgärini Işten Çykarar
Parižde Leksikografiýada dünýäniň kartografiýasy: Diwany lugat at-türk eseriniň 950 ýyllygy atly halkara maslahat geçirildi
Parižde Leksikografiýada dünýäniň kartografiýasy: Diwany lugat at-türk eseriniň 950 ýyllygy atly halkara maslahat geçirildi
Türk uçarmansyz howa enjamlaryna Afrikada uly isleg bildirilýär
Ruandanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Boldy