Ruandanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Boldy

Ruandanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Boldy

Ruandanyň Prezidenti Paul Kagame paýtagt Ankarada saparda boldy.

Prezident R. T. Erdogan myhman kärdeşi Kagame bilen Prezidentiň Kompleksinde geçirlen özara we toparara duşuşyklardan soň metbugata beýannama berdi.

Erdogan 2013-2014-nji ýyllarda iki ýurduň ilçihanalarynyň açylmagyndan soň Türkiýäniň Ruanda bilen edýän gatnaşyklarynyň ösmäge başlandygyny aýtdy.

Erdogan Kagame bilen iki ýurduň arasynda söwda, maýa goýum, energetika, bilim, medeniýet we goranyş senagaty ýaly ugurlarda edilýän gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.

Prezident Erdogan, “Firmalarymyzyň maýa goýumlarynyň artdyrylmagy şerti bilen Ruandanyň galkynyş maksadyna ýetmegine goşant goşmak meselesinde jenap Prezident bilen ylalaşyk gazandyk” diýdi.

Resmi saparyň çäginde Türkiýe bilen Ruandanyň arasynda 4 şertnama baglaşyldy.

Erdogan Kagamenin hormatyna agşam naharyny berdi.

Ýene degişli makalalar

Iňlisleriň gaçybatalga gözleýänleri deportasiýa etmek baradaky meýilnamasyna Eýranyň nägile bolmagy
"Efes-2022" harby türgenleşigi Prezident Erdoganyň gatnaşmagynda başlady
Türkiýäniň Maý Aýyndaky Eksporty Artdy
Altun BMG-niň Adalatly Dünýä İdeýasyna Laýyklykda Özgerdilmelidigini Aýtdy
Süleýman Soýlu bikanun immigrantlar bilen bagly beýannama berdi
Togo we Gabon Milletler arkalaşygynyň agzalary boldy