Türkiýe Beýik Britaniýa nägilelik bildirdi

Türkiýe Beýik Britaniýa nägilelik bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç, Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Liz Trassyň, ýurdunyň Ruanda döwleti bilen gazanan bosgun ylalaşygyna meňzeş ýene-de bir ylalaşygy Türkiýe bilen hem baglaşmagy talap etjekdigi baradaky habarlar barada: "Ähli ýurtlara immigrasiýa babatynda jogapkärçilikleri ýerine ýetirmek we jogapkärçilikleri deň ýagdaýda öz üstüne almaklary barada çagyryş berýäris" diýip habar berdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç, Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Liz Trass bilen bagly Beýik Britaniýanyň metbugatynda Türkiýe bilen baglanşykly bolan öňe sürmeler baradaky soraga ýazmaça jogap berdi.

Beýik Britaniýanyň metbugatynda Liz Trassyň Premýer ministr wezipesine geçen halatynda Ruanda bilen gazanan ylalaşygynyň meňzeşini Türkiýe bilen hem ylalaşmak üçin talap bildirjekdigi baradaky habarlar barada Tanžu Bilgiç: "Hormatly Trass bilen bagly metbugatda berilen şol öňe sürmeleriň esassyzdygyny umyt edýäris" diýip belledi.

Eýýäm 8 ýyl bäri iň köp bosguna ýer eýeçilik edýän Türkiýäniň başga ýurtlaryň talabyna laýyklykda has köp jogapkärçilik almagy, ondan hem daşary sygynma hukugy babatyndaky halkara düzgünlere gabat gelmeýän bir çemeleşmä goşulmajakdygyny aýdan Tanžu Bilgiç: "Türkiýe islendik bir ýurdyň bosgun düşelgesi ýa-da serhet goragçysy bolmaz, 3-nji ýurtlaryň halkara jogapkärçiliklerini hiç bir ýagdaýda öz üstüne almaz. Şol çemeleşmämizi geçen ýyl owgan bosgunlar babatynda hem şoňa meňzeş çykan habarlardan soň halk köpçüligi bilen paýlaşypdyk. Şol çäkde ähli ýurtlar immigrasiýa babatynda jogapkärçilikleri ýerine ýetirmek we jogapkärçilikleri deň ýagdaýda öz üstüne almaklary barada çagyryş berýäris" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Ruandada Tutsilere garşy edilen genosidi hatyralap geçdi
Infantino FIFA-nyň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanjakdygyna ynanýar
Afrikanyň iň täsirli üç ýurdunyň biri
Afrikanyň iň täsirli üç ýurdunyň biri
Türkmenistan Germaniýa howa gatnawlarynyň tertibi, ahally bagban ekzotiki miwe ösdürip ýetişdirýär, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy halkara pasportlaryny resmileşdirmegi bes etdi
Togo we Gabon Milletler arkalaşygynyň agzalary boldy