Türkmenistan Germaniýa howa gatnawlarynyň tertibi, ahally bagban ekzotiki miwe ösdürip ýetişdirýär, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy halkara pasportlaryny resmileşdirmegi bes etdi

Türkmenistan  Germaniýa howa gatnawlarynyň tertibi, ahally bagban ekzotiki miwe ösdürip ýetişdirýär, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy halkara pasportlaryny resmileşdirmegi bes etdi

1. Türkmenistan awiakompaniýasy Germaniýa bilen dowamly howa gatnawlaryny dikeldýär. Uçuşlar çarşenbe we şenbe günleri amala aşyrylar. Ýolagçy uçary Aşgabat Maýndaky Frankfurt Türkmenabat ugry boýunça hereket eder.

2. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy bagban Ahmet Jumabaýew türkmenistan üçin ekzotiki ösümlik bolan ýapon armydyny ösdürip ýetişdirýär. Ol bu bagyň nahallaryny 5 ýyl mundan öň Türkiýeden getiripdir. Ýapon armydynyň daşky keşbi süýri däl-de, tegelekdir we alma meňzeşdir.

3. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 27-nji awgustdan başlap özünde elektron maglumat göterijini saklaýan we 10 ýyl möhlet bilen hereket edýän Russiýanyň halkara pasportyny resmileşdirmek üçin arzalaryny kabul etmegi wagtlaýyn togtadýar.

4. Ahal welaýatyndaky daýhan hojalygynda saýlama aberdin-angus we golşteýn tohumly sygyrlar ýetişdirilýär. Bu tohumlardan meşhur mermer et alynýar. Häzirki wagtda daýhan hojalygynda müňden gowrak baş iri şahly mallar idedilýär.

5. Russiýanyň howa menzillerinden Türkmenbaşa we Türkmenabada uçýan Türkmenistan awiakompaniýasynyň ýolagçylarynyň ýanynda hökmany ýagdaýda COVID-19-a garşy sanjym alandygy hakyndaky kepilnamasy bolmalydyr.

6. Bodrumda meşhur türk aýdymçysy Ybraýym Tatlysesiň gatnaşmagynda ýol-ulag hadysady bolup geçdi. Aýdymçynyň we onuň gyzynyň oturan mikroawtobusy ýük ulagy bilen çaknyşdy.

7. Ýeralma çipsilerini öndürýän Lay’s haryt nyşany ýörite barmaklary ýuwujy maşyn döretdi. Bu enjam derini ýagdan we gowrulan ýeralmanyň owuntyklaryndan arassalamaga niýetlenendir.

8. eFootball 2023 futbol simulýatorynda (öňki Pro Evolution Soccer) Ahal futbol topary peýda boldy. Reklama wideoşekillerinde Ahal Nike kompaniýasynyň ak köýnekçesinde toparyň hemaýatkäri Türkmennebitönümleriniň (TNÖ) suraty bilen şöhlelendirildi.

9. eFootball 2023-de Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy 66 dereje bilen Gonkongyň Kitçi toparynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow boldy, iň gowy üçlüge Arslanmyrat Amanow (Ahal) 65 we Elman Tagaýew (Ahal) 63 dereje bilen girdi.

10. Halkara futbol federasiýasy (FIFA) täzelenen sanawy köpçülige ýetirdi. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 135-nji ornuny saklaýar. Türkmenistanyň ýygyndysynyň hasabynda 1100.47 utuk bar, topar Filippinler bilen Ruandanyň arasynda ýerleşýär. FIFA-nyň sanawynda Braziliýa öňdeligi eýeleýär. Ikinji orny Belgiýa, üçünji orny bolsa Argentina eýeledi.

11. Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişligi geçirildi. Onuň netijeleri bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Malaýziýa bilen boljak duşuşykda türkmen ýygyndysynyň başlangyç düzümi mälim edildi
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy, Halkbank kartdan karta pul geçirmek hyzmatyny ýola goýdy, Burak Özçiwit Aşgabatda geçiriljek film festiwalyna gatnaşar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy BAE-niň çempiony bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi
Türkmenistanda Türkiýäniň Medeniýet günleri geçiriler, Türkmenistan 2024-nji ýylyň aprelinde Parižde maýa goýum forumyny geçirer, Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabatda we Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy we beýleki habarl