Süleýman Soýlu bikanun immigrantlar bilen bagly beýannama berdi

Süleýman Soýlu bikanun immigrantlar bilen bagly beýannama berdi

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Izmirde geçirilen dabaralaryň birinde eden çykyşynda, ýurda bikanun immigrantlaryň gelmezligi üçin arman-ýadaman işleýäniklerini belläp, emma siriýaly bosgunlaryň bikanun immigrantlar bilen bulaşdyrylmaly däldigini beýan etdi.

Süleýman Soýlu siriýalylardan 510 müňüniň howpsuz zolaklara gaýdyp barandygyny mälim etdi.

Tussag eden bikanun immigrantlara hem gowy çemeleşýändiklerini, şol adamlary ýurtlary bilen baglaşylan ylalaşyklara laýyklykda öz ülkelerine ugradýandyklaryny aýdan Süleýman Soýlu: "Türkiýede şu ýylyň başyndan bäri 126 müň bikanun immigrandy sakladyk.

Işleýäris.Beýik Britaniýa hem Ruanda ugratjakdy, ugradyp bilmedi.Bir adamy hem ugradyp bilmedi.Biz näçe adam ugratdyk? Şu ýylyň başyndan bäri 44 müň 933 adamy öz ýurtlaryna ugratdyk" diýip aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Baýramalynyň türmesinde tussaglar adamkärçiliksiz daraşmalardan şikaýat edýär
Iňlisleriň gaçybatalga gözleýänleri deportasiýa etmek baradaky meýilnamasyna Eýranyň nägile bolmagy
"Efes-2022" harby türgenleşigi Prezident Erdoganyň gatnaşmagynda başlady
Türkiýäniň Maý Aýyndaky Eksporty Artdy
Altun BMG-niň Adalatly Dünýä İdeýasyna Laýyklykda Özgerdilmelidigini Aýtdy
Togo we Gabon Milletler arkalaşygynyň agzalary boldy